Sepleriň elýeterliligi

Hytaýda 100 töweregi adam at-dereksiz ýiten hasap edilýär


Hytaýyň günorta-günbatarynda güýçli ýagyşlar sebäpli gum süýşmesinde 100 töweregi adam at-dereksiz ýiten hasap edilýär.

Iýun aýynda Guýçjou welaýatynda suw bamasy hem gum süýşmesi zerarly 230 adamyň heläk bolandygyny Hytaýyň köpçülikleýin habar serişdeleri ýazýar.

Betbagçylykly etraplardan 2 million gowrak adam başga ýerlere göçürildi. Halas ediş işlerine 15 müň harby gullukçy gatnaşýar.
XS
SM
MD
LG