Sepleriň elýeterliligi

Iň ýaşuly amerikan senatory aradan çykdy


Iň ýaşuly amerikan senatory Robert Býord 92 ýaşynda aradan çykdy.

Ol 1959-njy ýylda Günbatar Wirjiniýa ştatyndan senator saýlanypdy. Şondan bäri Býord senatoryň kürsüsini terk etmedi.

Robert Býord ABŞ-nyň taryhynda Kongresiň ýokarky palatasynda 50 ýyl gowrak işlän ilkinji senatordyr. Şol döwür içinde ABŞ-da 11 prezident çalyşdy.

Býord Demokratik partiýanyň görnükli wekili bolmak bilen 2008-nji ýyldaky saýlawlarda Barak Obamany goldapdy.
XS
SM
MD
LG