Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda referendumyň deslapky netijeleri yglan edildi


Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň synçylary täze konstitusiýa boýunça Gyrgyzystanda geçirilen referendumyň netijelerine oňyn baha berdiler. ÝHHG-niň çäkli synçylar missiýasynyň baştutany Boris Frles şu gün Bişkekde eden çykyşynda şeýle diýdi: “Ýagdaýyň çylşyrymlydygyna garamazdan, referendumy parahatçylyk geçirmek üçin Gyrgyz häkimiýetleri zerur şertleri döretdi – diýen netijä geldik. Adatdan daşary çylşyrymly şertleri göz öňünde tutup, Oşdaky hem Jelalabatdaky çakynyşyklardan bir hepde soň wagtlaýyn hökümet hem beýleki häkimiýet organlary geň galmaly parahatçylykly prosesi gurnap bildi. Ýüze çykarylan kemçiliklere garamazdan, graždanlaryň aktiw gatnaşygy öz ýurdunuň geljegini gurmak islegini görkezýär” diýip, ÝHHG-niň wekili aýtdy.

Konstitusiýanyň täze redaksiýasy dolandyryşyň prezidentlik görnüşinden parlament formasyna geçmegi göz öňünde tutýar. Ony ýurduň graždanlarynyň 91 prosenti goldady. Saýlawçylaryň gatnaşygy 70% töweregi.

Gyrgyz oppozisiýasy referenumyň netijelerine şübhe bilen garaýar. Hususan-da saýlawçylaryň aktiw gatnaşygyna ynanmaýarlar.

Gyrgyzystanyň Konstitusiýasynyň täze proýektine laýyklykda oppozisiýa partlamentde hökman bolmaly hem uly maliýe komitetlerine baştutanlyk etmeli.
XS
SM
MD
LG