Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Demirgazyk Koreýa özüniň ýadro arsenalyny artdyrmakçy


Demirgazyk Koreýa täze oýlap tapyşlary ulanmak bilen özüniň ýadro arsenalyny artdyrmakçy. Demirgazyk Koreýanyň DIM-niň beýannamasynda muňa “ABŞ-nyň syýasaty hem Waşingtondan çykýan howp sebäp” - diýilýär.

Şu ýylyň mart aýynda Günorta Koreýanyň harby gämisiniň gark bolmagy bilen bagly Koreýa ýarym adasynda ýagdaý ýitileşdi. Geçirilen deňewler Demirgazyk Koreýanyň torpedasynyň gämini gark edendigini ýüze çykardy.

ABŞ Phenýanyň eden işi üçin jeza çekmelidigini öňe sürýär. ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama şeýle diýdi: “Şu ýagdaýda Günorta Koreýa aşa çydamlylyk görkezdi. Iň möhümi-halkara jemgyýetçiligi ony goldady, Demirgazyk Koreýanyň özüni alyp barşynyň ýolberilmesizdigini ýaňzytdy. Ol halkara normalary boýunça dogry ýola düşýänçä, halkara jemgyýetçiligi Demirgazyk Koreýa gysyşyny dowam etdirer”.
XS
SM
MD
LG