Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda etnik türkmen ministr bellendi


Şu gün Owganystanyň parlamentinde prezident Hamyt Karzaýyň ministrlik wezipä teklip eden ýedi kandidaty sese goýlup, olardan bäşisi ministrlik wezipä makullandy.

Şolaryň biri türkmen doktor Jemahir Enweridir. Ol bosgunlar boýunça ministr wezipesine tassyklandy.

Jemahir Enwer parlamentde eden çykyşynda ýurda dolanýan bosgunlara ýeňillikleriň dörediljekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG