Sepleriň elýeterliligi

Braziliýa çärýek finala gatnaşmaga hukuk gazandy


Braziliýanyň futbol topary Çiliniň komandasyny 3-0 hasabyna ýeňip, Günorta Afrikada dowam edýän dünýä boýunça futbol çempionatynyň çärýek finalyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Ýaryşlaryň mundan soňky tapgyrynda Braziliýa Daniýa bilen bäsleşer. Daniýa düýnki geçirilen oýunda Slowakiýanyň komandasyny 2-1 hasabyna utdy.

Çärýek final ýaryşlaryna gatnaşmaga hukuk gazanan Germaniýa bilen Argentinanyň arasyndaky ýaryş Günorta Afrikanyň Keýptown şäherinde 3-nji iýulda geçiriler.
XS
SM
MD
LG