Sepleriň elýeterliligi

Buýruk žurnalizmi janlandyryp bilmez


Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligi

Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligi

Türkmen metbugatynyň berýän habaryna görä, Türkmenistanyň soňky hökümet maslahatynda G.Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara her hepdäniň başynda ähli geçirilen hem planlaşdyrylýan çäreler barada maglumat bermek üçin köpçülikleýin habar serişdeleriniň wekilleri bilen yzygiderli duşuşyp durmagy tabşyrdy.

Şol duşuşyklar Türkmenistanyň häzirki şertlerinde garaşylýan netijäni berermi? Ýurtda maglumat bilen bagly nähili problemalar bar? Demokratik dünýäniň praktikasynda bu ugurdan nähili işler alnyp barylýar? Elbetde, eger häkimiýetler mundan beýläk halkara demokratik paraktikanyň akabasy boýunça hereket etseler, maglumat gabawy çuňdan kök uran ýurtda bu karar rewolýusion häsiýete eýe bolmagy mümkin.

Dünýä tejribesi

Günbatar ýurtlarynda informasiýa brifingleri, metbugat konferensiýalary ýokary derejeli çinownikler üçin diňe bir hökmany geçiriläýmeli çäre däl, ol häkimiýetleriň özi üçinem, köpçülikleýin habar serişdeleri üçinem zerurlyk. Metbugaty, teleradioýaýlymlaryny ýerlikli peýdalanyp, häkimiýetler halk bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýarlar, düşünişýärler, öz alyp barýan işleri barada çişirilen myş-myşlaryň, dürli dezinformasiýalaryň ýaýramagyndan goranýarlar.

Žurnalistler bilen yzygiderli duşuşyklar Günbatar döwletlerinde demokratiýanyň özboluşly çelgisine öwrüldi. Köpçülikleýin habar serişdeleri arkaly häkimiýet özüni saýlan adamlar bilen gepleşigi dowam etdirýär.

Amerikan prezidenti öz ygtyýarlyklarynyň gerimi boýunça dünýäde iň güýçli ýolbaşçylaryň biri hasap edilýär. Ýöne ol, edil tertipli mekdep okuwçysy ýaly, yzygiderli metbugat-konferensiýalaryny geçirýär. Bu çäre her sapar onuň üçin çynlakaý iş hem uly synag bolýar. Prezidentden garaşsyz, onlarça professional žurnalistler iň bir garaşylmaýan hem ýiti soraglar bilen onuň üstüni gömýärler. Her bir soragdan sypjak bolmak, her bir mekirlik ýa soragyň jogabyndan başga ugra gyşarmak jemgyýetçiligiň göz öňünde prezidentiň ýeňlişi hasap edilýär.

Äsgermezlik edýän režimler

Şeýle dialoglary prinsipde äsgermezlik edýän režimlerde ýagdaý düýbünden başgaça. Baryp Nyýazowyň ideologiýasy tarapyndan saýlanyp alnan Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdelerine bolan gatnaşyk režime köre-körlük bilen hyzmat etmäge gönükdirilen. Şol gatnaşyk öňki prezident dünýäsini täzelänem bolsa üýtgewsizligine galýar. Häkimiýetler köpçülikleýin habar serişdeleriniň öňünde hasabat bermeýär.

Köpçülikleýin habar serişdelerinde nämeler barada ýazmaly? Bu dogrusyndaky görkezmäni öňem ideologiýa ýolbaşçylyk edýän çinowniklerden, senzorlardan alýardylar, häzirem şol ýörelge gyşarnyksyz dowam etdiriýlär. Şol berk düzgün üýtgewsizligine galýar. Eger şol kadadan kim çyksa, oňa jeza çäresi taýýar.

Ençeme ýyllaryň dowamynda žurnalistleriň aňynda öz senzory döräp, kemala gelip, nämeleri ýazyp boljagyny, haýsy meseleleriň ýedi günlük golaýyna barmaly däldigini salgy berip otyr. Iň esasy ugur: häkimiýetlere nämeler gerek, olar nämeler isleýär? Şeýlelikde, žurnalistika Türkmenistanda kär hökmünde ýuwaş-ýuwaşdan solup-saralyp, ýok bolup gitdi.

Erkin sorag bermäge mümkinçilik döredilermi?


G.Berdimuhamedowyň ýurduň ýolbaşçylaryna her hepdäniň başynda köpçülikleýin habar serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşmak barada beren buýrugy öz-özünden hakyky žurnalizmi janlandyryp ýa dikeldip bilmez.

Birinjiden, şol buýrugyň ýerine ýetiriljegine ýa ýetirilmejegine göz ýetirmek gerek. Bu iş – çinownikleriň metbugat bilen duşuşygy her hepde hakykatdan-da bolarmy? Ikinjiden, onuň nähili amal ediljegine göz ýetirmek möhüm. Bu işler kime ýa kimlere ynanylar? Eger ol ideologiýa çinowniklerine tabşyrylsa, täze ideýanyň bagtynyň ýatdygy. Sebäbi ideologiýa ýolbaşçylary köpçülikleýin habar serişdeleriniň wekillerine döwlet bähbitlerini göz öňünde tutup, ol ýa-da beýleki bir wakany habar serişdelerinde nähili beýan etmelidigini öwrederler, şol aýdylanyň ýerine ýetirilmegini talap ederler. Başgaça aýdylanda, şol duşuşyklar häkimiýetiň esasy görkezmelerini habar serişdelerine ýetirýän çärelere öwrüler.

Žurnalistlere erkin sorag bermäge mümkinçilik döredilermi, rugsat berlermi? Şu meseläniň möhümligem ýöne-möne däl. Meseläniň iň bir ynjyk tarapy – şol duşuşyklar telewideniýe arkaly alnyp görkezilermi? Gepiň tümmek ýeri prezident tarapyndan öňe sürlen häkimiýet wekilleriniň köpçülikleýin habar serişdeleriniň öňünde yzygiderli hasabat bermegi baradaky ideýanyň nirä baryp direjegi ýakyn wagtlarda aý dogan ýaly bolsa gerek. Ol ýurduň informasiýa syýasatynda nähilidir bir täzelige öwrülermi ýa-da režimi has-da pugtalandyrmak boýunça täze permana bolup hyzmat edermi – häzirlikçe bu näbelli.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG