Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Orsýetiň içalylaryny tussag etdi


Media wekilleri tussag edilen içalylaryň ikisiniň Nýu-Jersidäki ýaşaýan jaýynyň öňünde.
Media wekilleri tussag edilen içalylaryň ikisiniň Nýu-Jersidäki ýaşaýan jaýynyň öňünde.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Adalat ministrligi ABŞ-da Russiýa Federasiýasy tarapyndan berlen gizlin tabşyryklary amala aşyranlykda aýyplanýan 11 adamyň tutulandygyny habar berdi.

Kreml we Orsýetiň Daşary aňtaw gullugy (SVR) bu waka barada beýanat bermekden saklanýar. Häzire çenli diňe Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bu waka açyk reaksiýa bildirdi.

Sergeý Lawrow Ysraýyla sapary wagtynda ýaňsylama bilen çykyş edip, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan aýyplamalara has açyklyk getirmegini sorady.

“Munuň näme baradadygyny bize düşündirmediler, düşündirlerler diýip umyt edýäris. Häzirlikçe bir aýdyp biljek zadym: bu wakanyň wagty aýratyn ýeserlik bilen saýlanyp alyndy” diýip, Lawrow aýtdy.

Suduň öňünde jogap bermeli adamlaryň sany jemi 11. Bularyň onusy ýekşenbe güni ABŞ-nyň demirgazyk şäherlerinde tutuldy, biri hem şu gün Kiprde tutuldy. ABŞ-da Baş prokurorlyga öňünden habar bermezden, haýsy hem bolsa bir çet ýurt hökümetine agent bolup işlemek gadagan.

Tussag edilenlere Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bir çet ýurt hökümetiniň agenti hökmünde gizlin iş alyp baranlykda günä bildirilýär. Munuň iň ýokary jezasy 5 ýyl türme tussaglygy.

Ýöne tussag edilenlerden 8 adam pul ýuwanlykda hem aýyplanýar. Olar bu işde günäli tapylan ýagdaýynda bu adamlara garaşýan iň ýokary jeza 20 ýyl türme tussaglygy.

Bu toparyň ele salynmagy Federal derňew gullugy (FBI), ABŞ-nyň Baş prokurorlygy, şeýle hem içalylyga arşy iş alyp barýan bölüm hem-de Adalat ministrliginiň Milli howpsuzlyk bölümindäki aňtaw boýunça edara tarapyndan ençeme ýyllap alnyp barlan derňewiň netijesi.

Içalylaryň sany

2005-njy ýylda “Time” žurnaly Birleşen Ştatlaryň bir ýokary derejeli aňtaw işgäriniň Birleşen Ştatlarda iş alyp barýan Orsýetiň içalylarynyň sanyny 100-den ýokary diýip çaklaýandygyny habar beripdi.

Tutulan häzirki toparyň sany köp adamlara geň zat bolup görünýar. Bularyň biri öňki Sowet Soýuzynyň we Orsýetiň Birleşen Ştatlarda alyp baran içalylyk işlerini ençeme ýyllap öwrenen Harweý Klehr.

“Çet ýurtlar, aýratyn hem Birleşen Ştatlar bilen çylşyrymly gatnaşykdaky ýurtlar gizlin maglumat toplamaga synanyşýar diýip, her bir adam güman edýän bolsa gerek. Ýöne bu bir gaty uly operasiýa ýaly bolýar. Adamy geň galdyrýan şol” diýip, Klehr aýdýar.

Klehriň pikiriçe, Adalat ministrliginiň bu adamlar barada “pylan at bilen tanalýan” diýmegi bu atlaryň ýasamadygyny görkezýär. Bu adamlaryň içalyçylykda tutulyp-tutulmanlygy barada Adalat ministrliginiň beýannamasynda aýdylýan anyk zat ýok.

Ýöne çet ýurtly içalylaryň başga bir ýurtda resmi wezipedekä iş alyp barmagy täze zat däl. Beýle bolanda olaryň diplomatik eldegrilmesizligi bolýar. Onsoň olar diňe ýurtdan çykarylyp bilinýär. Ýöne häzirki toparyň tutulmagy bularyň eldegrilmesizliginiň ýokdygyny aňladýar.

“Bu adamlaryň diplomatik eldegrilmesizligi ýok. Bular bu işde aýdylyşy ýaly ‘bikanun’. Olaryň diplomatik goragy ýok. Şol sebäpden olara abanýan howp ýokary. Olardan köpräk gizlin maglumata garaşylýar” diýip, Klehr aýdýar.

“Obama üçin urgy”


Orsýetiň öňki Baş prokurory we häzirki wagtda Dumanyň howpsuzlyk komitetiniň başlygynyň orunbasary Wladimir Kolesnikow Orsýetiň “ýeterlik” gaýtargy berjekdigine şübhelenmeýändigini aýdýar.

Kolesnikow tussag edişligiň wagty prezident “Barak Obamanyň Orsýet baradaky tutumlaryna çynlakaý urgy” boldy diýýär.

Emma käbir analitikler Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparyndan soň ýüze çykan bu wakanyň syýasat bilen hiç hili dahylynyň ýokdugyny aýdýarlar.

Oleg Gordiýewski öňki KGB-niň agenti, häzir ol Britaniýada ýaşaýar: “FBI bu maglumaty uzak wagtdan bäri köpçülige aýan etmek isleýärdi. Eger olaryň käbiri ýurdy terk eden bolsady, gullugyň bar işi biderek bolardy. Şonuň üçin Federal derňew gullugy bu maglumatyň köpçülige aýan edilmegine rugsat bermegi üçin Obamany yrdy.”

Gordiýewski häzir wagtda ABŞ-da Orsýetiň 460-a golaý içalysynyň bardygyny we olaryň takmynan 60-a golaýynyň “bikanundygyny”, 400-e golaýynyň bolsa ilçihanalarda we Orsýetiň beýleki hökümet edaralarynda iş alyp barýandygyny çak edýär.

Ýekşenbe güni bolup geçen içaly tussag edişligi ABŞ-nyň taryhyndaky iň uly içaly operasiýalarynyň biri bolup durýar. Bu waka 1957-nji ýylda Nýu-Ýorkda sowet içalysy Rudolf Abeliň tussag edilmegine deňelýär.
XS
SM
MD
LG