Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak güller hakda goşgy


Bu goşgyny bir günde türkmen gazetleriniň üçüsi biri-birinden göçürip çap etdi.

Häzirlikçe «Watan», «Nesil», «Türkmenistan» gazetlerinde çap edilen «Ak güller» atly goşgynyň awtory Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewa. Awtor bu goşgusyna «Beýik ogluň beýik döwrüniň beýany» diýip, teswirleme berýär.

Iş kabinetinde goýlan ak gülleriň arasynda özüniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyny açyp, bir ýerlerik seredip duran prezidentiň ullakan suratynyň aşagynda Gözel Şagulyýewa özüniň awtorlyk düşündirişini berip, şeýle ýazýar: «Mähriban prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň il-ýurt bähbitli alyp barýan ägirt uly işleriniň waspyny ýetirmäge, dogrusy, dil ejiz gelýär. Men muny hemişe-de ýaňzydýandyryn. Men beýik Ogul (Berdimuhamedow) baradaky ýazýan setirlerimiň hemmesinde-de Oňa berlen artykmaç adamkärçiligiň, goýazylygyň, nepisligiň, mylaýmlygyň, mähribanlygyň, mahlasy, hakyky ynsana bolan belent häsiýetleri birin-birin yzarlasym geldi, yzarlaýanam…»

Gözel Şagulyýewa özüniň «Ak güller» goşgusynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyny bagtly etmek üçin gowy-gowy işleri bitirýändigini, onuň mydama ak gülleri gowy görýändigini, sebäbi onuň maňlaýynyň-da akdygyny, barýan ýolunyň, türkmen halkyny alyp barýan ýolunyň akdygyny, ýüreginiň, kalbynyň, niýetiniň, arzuwynyň, umydynyň, hatda münýän atynyň-da akdygyny, at münende geýýän ädiginiň-de akdygyny wasp edip, şeýle diýýär:

Ýollaryň ak, ýorgudyň ak, ýürek ak,
Ak güllere kybap gelýän, inerim!
Awazaň ak, kenaryň ak, kürek ak,
Ýüz gulaçlap, garşylar ak gülleriň.

Uçaryň ak, umydyň ak, ugruň ak,
Ak gülleriň ak ýoluňa düşelsin!
Niýetiň ak, nogulyň ak, nuruň ak,
Saňa bagt diňe aklykdan gelsin.

1940-njy ýylda Mary welaýatynda doglup, 70 ýaşy arka atan Gözel Şagulyýewa özüniň goşgulary, aýdymlary bilen, garaz, türkmen okyjysyny özüne çekmänem durmazdy. Elbetde, ol Türkmenistanyň tanymal şahyrlary Gurbannazar Ezizow, Kerim Gurbannepesow, Annasoltan Kekilowa ýaly halkyň ýüregine baky ornaýan goşgulary döretmedigem bolsa, öz deň-duş, galamdaş şahyralarynyň içinde göze ilmän duranokdy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda Gözel Şagulyýewanyň poeziýa äleminde gazanan barja abraýy hem döküldi. Ol köşk şahyrlarynyň, köşk tarypçylarynyň arasyna goşulyp, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowy taryplamakda iň köp goşgy ýazan şahyralaryň biridir.

«Sapar Ataýewiç! Siz bir ölmäweriň! Siz ölseňiz, şol gün menem ölerin!» diýip, hut «mawy ekrandaky» çykyşynda ilkinji serdaryna ýüzlenen Gözel Şagulyýewa hem beýleki köşk tarypçylary ýaly, birinji serdaryna «dönüklik» edip, täze ýolbaşçyny öwmäge başlady. Özem ony ölýänçä öwjegini özüniň «Ak güller» atly goşgusynda şeýle ýazýar:

Buýsanç bilýär Bina bolup bitenňi,
Ýüpek ýüregiňe gurbandyryn men,
Maňa Allaň beren demine çenli
Waspyň dünýä ýaýyp barýandyryn men.

Bu goşgyny bir günde üç gazet çap edenem bolsa, (ýene-de çap etjek gazetleriň bolmagy-da mümkin), goşgy beýle bir çeper dilde ýazylmandyr. Ine, şu ýokardaky getiren bendimiziň başdaky setirine göz aýlalyň: «Buýsanç bilýär Bina bolup bitenňi» diýmek näme many berýär? Biz-ä şuňa türkmen düşüner öýdemzok. (Öwülýän obýektiň özi bir düşünen bolaýbilseýdir!)

Ýene bir bendi alalyň:

Özgerişe berip, Galkynşa galyp,
Göwnüdir günleri gül bilen bezän
Ýerasty baýlygyn dünýä çykaryp,
Parasadyň zamanany täzelän.


Şu bentde «Özgerişe berip» diýen jümläni alalyň, ol näme many berýär? Bendi doldurmak, sazlaşyk getirmek üçin sözleri gerekmejek ýerde ulanmak hadysasy bu, gürrüňi edilýän goşguda örän kän. Ýene bir mysal:

Ýönelige söýülmeýär ak güller,
Munda many bardyr dünýe deý uly,
Güli synlan şahyr şygra öwrüler,
Syn etsediň gelip, eý, Magtymguly!


Magtymgulynyň gelip, Gözel Şagulyýewanyň şu gowşak goşgyny döredişine syn edip bilmeýänem bir gowy zat. Ýogsam, «Orramsydan bolan haramhor begler, ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady!» diýip, öz halkynyň agysyny aglap giden şahyryň köşk şahyry Gözel Şagulyýewany nä halda goýjagy-da belli däl.

«Ak güller» goşgusyndan sözümiz birneme daşlaşaýdy. Ine, şu ýokarky, mysal getiren bendimizde şahyr Magtymgulynyň adyny getirmegem ýerine düşmändir. Aýratyn hem köşgi hem patyşalary ýigrenip geçen Magtymguly şahyryň adyny köşgi, patyşalary wasp edýän temanyň içinde getirmek ýerliksiz. Bu ýerde many taýdan hem Magtymgulynyň adyny getirmek sepleşenok. Ýöne awtor kapyýa tapmak üçin islendik sözleri goşgusyna salypdyr.

Eziz Ogul, ugra bolsun edeniň!
Günleriňi bezär güller göterip,
Gylyklysyň, üýtgeşikdir edeniň,
Ony makullaýar dünýä el berip.


Şu bentden «Günleriňi bezär güller göterip» diýen setiri alalyň, Güli kim götermeli? Ýa gül güni götermelimi? «Üýtgeşikdir edeniň» diýen jümläni alalyň. Üýtgeşik edilen zady goşguda düşündirmeli. Şeýle hem «Dünýä el berip» diýen jümle ulanylmaýar. Sebäbi dünýä ýeke. «El bermek» jümlesi adamlaryň ýa-da ýurtlaryň biri-birine el bermesi manysynda ulanylýar. Umuman, «el bermek» jümlesi adamlara degişli ulanylanda has ýerine düşýär.

Goşgusynyň başynda awtor öz prezidentine «Inerim, oglum» diýip ýüzlense-de, soňy bilen ol «Mähriban», «Merhemetlim», «Dünýäm», «Arzylym» diýen ýaly sözler bilenem ýüzlenýär. Awtor goşgusyny şeýle jemleýär:

Ene bolup guwanaram daşyňdan,
Bir owadan, syrdam boýly dereksiň!
Aýlanaýyn akyl doly başyňdan,
Sen iliňe howa ýaly gereksiň!

Gülleriň arasynda duran, eli kitaply kişiniň suraty goşgyny birneme bezäpdir diýmeseň, goşguda many, şire ýok. Çem gelen sözleri ulanmak hatda awtoryň başky sözünde-de bar. Awtor: «Oňa berlen artykmaç adamkärçiligiň, goýazylygyň, nepisligiň…» diýip ýazýar. Türkmen dilinde «nepis» diýen söz el işi, haly hakda söz açylanda ulanylýar. Adama türkmenler «nepis» diýmeýär.

Aý, garaz, «Eşek eşekden galsa — gulagyny-da kes, guýrugyny-da» diýýär türkmenler. Öw-hä-öwlükler ýene-de başlandy. Köşk şahyrlary biri-birinden galmajak bolup, täze obýekti öwmäge başladylar.

Ýetmiş ýaşy arka atan şahyrlar bu ýakymsyzlygy goldap durka, türkmen edebiýatynyň egni ýerden galarmy?! Prezident Nyýazowy öwüp-öwüp, baýrak baryny alan Gözel Şagulyýewanyň ötmän duran güni ýok. Ýetmeýän zady ýok. Ýöne «Gan bilen giren jan bilen çykar» diýilýär. Adamyň ganynda bar gylygyny hiç kim aýryp bilmeýär.

Beýik Galkynyşlar döwrüniň mydamalyk «saýrak guşy» bolmak hukugy belki, Gözel Şagulyýewa berler. Onuň bir goşgusynyň birden üç gazetde çap edilmegi-hä şondan habar berýär.

Çoluk Möwlamow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG