Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Içalyçylyk dawasy sowuk urşa getirip biler


Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň ABŞ-da bolan içalyçylyk dawasy bilen bagly ýaýradan beýanatynda Orsýete içalyçylyk etmek bilen bagly öňe sürülýän aýyplamalaryň esassyzdygy, ABŞ-da ýüze çykan bu dawanyň aňyrsynda nämäniň ýatandygynyň düşnüksizdigi, bu dawanyň gaýtadan sowuk urşa alyp barmagynyň mümkindigi nygtaldy.

28-nji iýunda ABŞ-nyň Federal derňew gullugy Orsýetiň Daşary aňtaw gullygy bilen işleşmekde şübhelenilýän 10 adamyň tussag edilendigini yglan etdi.

Tussag edilenlere amerikan syýasatçylarynyň arasyna syzyp, ýurduň syýasaty, ABŞ-nyň ýarag üpjünçiligi, ýurduň diplomatiki strategiýasy baradaky maglumatlary ruslara ýetirmäge synanyşanlykda günä bildirilýär.

Içalçylykda aýyplanýan adamlaryň maliýe üpjünçiligine jogapkär ýene bir adam sişenbe güni Kiprde ele salyndy.
XS
SM
MD
LG