Sepleriň elýeterliligi

Hytaý bilen Taýwan ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýar


Hytaýyň Çunsin şäherinde Hytaý bilen Taýwanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekildi.

Bu dokument 1949-njy ýylda Taýwan Hytaýdan bölünip aýrylandan soň iki tarapyň arasynda gol çekilen iň möhüm ylalaşyk diýip, synçylar aýdýarlar.

Bu ylalaşykda iki ýurduň arasyndaky gümrük tölegleriniň bölekleýin ýatyrylmagy ýa-da azaldylmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle hem inwestiýa etmek boýunça öňki çäklendirmeler doly ýatyrýar.

Taýwandaky tankynçylar şeýle ylalaşyk bilen Hytaýyň Taýwany ykdysady taýdan gözegçilik astyna alyp, soňra bu adada syýasy gözegçiligi hem ornaşdyrmak isleýändigini öňe sürýärler.

Pekin Taýwany Hytaýyň territoriýasynyň bir bölegi hasaplaýar.
XS
SM
MD
LG