Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýanukowiç türkmen kärdeşini näresmi sapara çagyrdy


Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç prezident Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, 10-njy iýulda resmi bolmadyk dostlukly sapar bilen Ukraina çagyrdy diýlip, habar berilýär.

Bu baradaky habarda çakylygy Türkmenistana sapar edýän Ukrainanyň daşary işler ministriniň prezident Berdimuhamedowa ýetirendigi aýdylýar.

Türkmenistanyň prezidenti we Ukrainanyň baş diplomaty özara düşünişmek we ynanyşmak, şeýle hem taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan meýillerine daýanýan türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdilendikleri aýdylýar.
XS
SM
MD
LG