Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Google Hytaýdaky iş syýasatyny özgerdýär


Google kompaniýasynyň täze syýasatyna laýyklykda, öň bu kompaniýanyň internetdäki gözleg guraly Hytaýyň esasy territoriýasyndan Gonkonga geçirilen bolsa, indi ulanyjylaryň islegine görä başga saýtlara hem gönükdirilip bilner.

Google kompaniýasynyň lisenziýasynyň möhletini uzaltmazlyk bilen haýbat atýan Hytaýyň häkimiýetleriniň basyşlary Google kompaniýasynyň iş syýasatynyň özgermegine öz täsirini ýetirdi.

22-nji martda iň uly internet kompaniýalaryň biri bolan Google hytaýly internet ulanyjylar üçin gözlegiň netijelerine senzura girizmekden ýüz öwrüpdi.

Google kompaniýasynyň Hytaýyň bazaryndaky işini çäklendirmegine bu ýurtda Google kompaniýasynyň serwerlerine edilen güýçli elektron hüjümleri sebäp boldy.

Google kompaniýasynyň girizen soňky üýtgetmeleri lisenziýasynyň möhletiniň uzaldylmagyna ýeterlikmi ýa dälmi diýen mesele boýunça Hytaý tarapy entek öz garaýşyny beýan etmedi.
XS
SM
MD
LG