Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl: Geljek 2 ýylda Palestina döwleti döredilmez


Ysraýylyň daşary işler ministri Awigdor Liberman öňümizdäki 2 ýylyň dowamynda Palestina döwletiniň döredilmeginiň mümkin däldigini öňe sürýär.

Bu barada ministr Awigdor Liberman Iýerusalimde Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen geçiren gepleşiklerinden soň aýtdy.

Ýakynda bu regionda parahatçylygy ornaşdyrmak babatda gepleşik geçirýän dörtlük - Orsýet, ABŞ, Ýewropa Bileleşigi we BMG - 2012-nji ýyla çenli Palestina döwletiniň düýbiniň tutulmagy baradaky ylalaşyga gol çekmäge Ysraýyla çagyryş edipdiler.

Ysraýyl parahatçylygy ornaşdyrmak babatda geçirilýän gepleşiklerde ýüze çykýan kynçylyklaryň hem-de palestinalylaryň özara dawalarynyň şeýle ylalaşyga böwet bolýandygyny öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG