Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Freedom house”: Postsowet döwletlerinde ýagdaý erbet


Adam hukuklaryny goraýjy halkara “Freedom house” guramasynyň soňky ýaýradan hasabatynda kommunistik režimli we henize çenli kommunistler tarapyndan dollandyrylýan käbir ýurtlardaky adam hukuklarynyň ýagdaýyna baha berilýär.

Bu hasabatda geçen 10 ýyllykda postsowet giňişligindäki 29 ýurtda adam hukuklarynyň berjaý edilişi analiz edilýär.

Hasabatda öňki sowet giňişligine girýän ýurtlarda adam hukuklary bilen bagly ýagdaýyň has hem ýaramazlaşandygy aýdylýar.

“Freedom house” postsowet döwletlerinde ýaşaýan ilatyň 80%-ne barabar bolan 221 million adamyň awtoritar režim höküm sürýän ýurtlarda ýaşamaga mejburdygyny aýdýar.

Şol ýurtlarda demokratik ölçegleriň, kanunyň hökmürowanlygynyň düýbinden ýokdugy aýdylyp, ilatyň iň esasy hak-hukuklarynyň aýak asty edilýändigine üns çekilýär.

Bu hasabatdaky adam hukuklaryny berjaý etmeýän ýurtlaryň hataryna Türkmenistan hem girýär.
XS
SM
MD
LG