Sepleriň elýeterliligi

Şahsyýetparazlyk keselmi ýa milli häsiýet?


Taryhda şahsyýetparazlyk we şöhratparazlyk hakynda ençeme kitaplar ýazyldy. Biz gaýta-gaýta onuň döreýiş prinsiplerine nazar aýlaýarys. Onuň durmuşymyza uzak ýyllaryň dowamynda mäkäm ornaşyp, däp-dessurlarymyza sepleşip gitmegi, elbetde, uly oýlara batyrýar.

Ýurdumyzda şahsyýeti mahabatlandyrmak indi ganymyza-da girip barýar. Garaşsyzlyk alanymyzdan soň Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýet kulty Iosif Staliniň derejesindenem ýokary galdyryldy. Türkmenistanda Nyýazowyň özünden başga onuň ejesi we kakasynyň kulty hem mahabatlandyryldy. Köp halatda dünýä jemgyýetçiliginiň arasynda bu ýagdaý türkmenleriň ýüzüne atanak çekdi.

S.Nyýazowyň ýogalmagy bilen türkmen halky üçin masgaraçylykdan gijem bolsa sag-aman dynylandyr öýdüldi. Emma biziň umydymyz salgym bolup çykdy. Ýokanç keseli köki-damary bilen ýok edip aýyrmasaň, onuň täzeden döreýşi ýaly, şahsyýetparazlyk hem adaty wirus kimin başymyza täzeden indi. Gurbanguly Berdimuhamedow prezident saýlananyndan soň şahsyýetparazlykdan doly el çekiler diýlip, umyt bilen garaşyldy. Ýöne bu kesel ýuwaş-ýuwaşdan özüni bildirdip başlady.

Prezidentliginiň ilkinji günleri Berdimuhamedow Türkmenistanyň dürli künjeklerine sapar bilen baran wagty resmi ýolbaşçylar garşylanda, oňa mekdep okuwçylary gatnaşdyrylmady. Aradan birnäçe aý geçensoň, bu ýagdaý ýene öňki, Nyýazowyň döwründäki, keşbine girdi. Ýogsa, şahsyýetparazlygyň halkdan seni daşlaşdyrýandygyny Berdimuhamedow öz durmuşynda göre-göre geldi. Şahsyýetparzlygyň wagşy ýoldugyna Gurbanguly Berdimuhamedow Saparmyrat Nyýazowyň ömrüniň soňky ýyllarynda göz ýetiripdi.

Howp abanypdy...

S.Nyýazowyň 2005-nji ýylyň başyndan başlap, Berdimuhamedowa jyny düşüpdi. Ol köp meselelerde Berdimuhamedowy inkär edýärdi. Ony äsgermän, onuň garamagyndaky işgärlerine görkezmeler berýärdi. 2006-njy ýylyň sentýabr aýynda geçirilen nobatdaky Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Nyýazow şol wagtky bilim ministrine ýüzlenip: «Şemşat, sen şondan (Berdimuhamedowdan) işleriniň düzgünlerini sora, ine indiki ýyl martda Maryda geçiriljek Halk Maslahatynda onuň ýerine seni goýjak, taýýarlan» diýip, aýdypdy. Berdimuhamedow bu ýagdaýyň özi üçin gowulyk bilen gutarmajagyna oňat düşünýärdi. Ol prezidentiň orunbasarlarynyň arasynda tussag edilmän galan ýeke-täk wise-premýerdi. Emma täleý Berdimuhamedowa ol ýoly görkezmedi. Ykbal oňa ak ýol açdy. Ol tebigy baýlyklary depseň yranmaz döwletiň prezidenti boldy. Eger-de ykbal başga ýoly saýlan bolsa, onda kim bilýär, ol nirelerden çykardy...

Totalitar sistema biadyl bolýar. Onuň toruna düşen çinownigiň esasy maksady – öz janyny gutarmagyň aladasy. Diňe şol sistemanyň taýagyny iýen adam hem onuň garşysyna gidip bilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow prezident saýlanandan soň wagtyň geçmegi bilen şol sistemanyň toruna mäkäm çolaşdy.

Nyýazowy «sen-sen» edenler häzir uly şowhun bilen Berdimuhamedowyň hem uguny ýekeläp başladylar. Baýramçylyklar mynasybetli geçirilýän döwlet derejesindäki her ýygnanyşyklarda olar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň gahrymany” adyny dakmaga çalyşýarlar. Türkmenistanyň her pudagynyň ýolbaşçysy özüne degişli işlerde hökman prezident Berdimuhamedowy mahabatlandyrmaga jan edýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň şu ýyl 10-njy klasy tamamlaýan okuwçylaryň gutardyş ekzamenlerinde türkmen edebiýatyndan ýazylmaly düzmäniň üç temasynam Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi we onuň maşgalasy hakynda ýazylmagyny talap etmegi hem-de gutardyş şahadatnamasynyň birinji sahypasynda prezidentiň fotosuratyny ýerleşdirmegi, tomsuň jöwzaly 55 gradus yssysynda Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli mekdep we ýokary okuw jaýlarynyň okuwçylarynyň gatnaşmagynda iki günlük ylgamak boýunça geçirilýän estafeta ýaly çäreler biziň ýene garaňky dünýä gadam basandygymyzy subut edýär.

Halky gaýtadan ýene garaňkylyga alyp ugran adam hökman pikir etmeli... Belki, ol jaý pursaty aýak çekmelidir, saklanmalydyr, geçmişi ýatlamalydyr? Eger öz başyndan 2006-njy ýylda geçen howply günleri ýatdan çykarmasa, onda Gurbanguly Berdimuhamedow ömrüniň ahyryna çenli örän ynsaply ýaşamaly we türkmeni Nyýazowyň sokan batgalygyndan tizräk çykarjak bolmaly. Belki, ol bu meselede ilkinji ädim hökmünde ol süwümsiz ýaranjaňlardan arany açmalydyr?

Beýikler we pak däneler

Her bir milletiň taryhynda hakyky gowy yz galdyran syýasy liderler, dogrudanam, soňra mahabatlandyrylýar. Ýöne olaryň biri hem aýatda dirikä ýanyp duran güne, pygambere deňelmeýär. Olar dirikäler öz milletiniň bagtly bolmagy ugrunda zähmet çekýärler. Şeýle liderlerden ABŞ-nyň prezidenti Abram Linkoln, Jon Kennedi, Ronald Reýgan, Beýik Britaniýada premýer-ministrler Winston Çerçil, Germaniýada kansler Konrad Adenauer, Hindistanda Mhatma Gandi, Pakistanda Benazir Buhuttonyň atlary indi dünýä taryhyna uly harplar bilen ýazyldy.

Biziň taryhymyzda-da halkyň hakyky söýgüsini, ebedilik hormatyny gazanan şahsyýetler, serkededir syýasy ýolbaşçylar bar. Olary halk şu günlere çenli ýüreginde göterip gelýär. Olar Nurberdi han, Gowşut han, Kyýat han, Jüneýit han, Eziz han, häzirki Türkmenistan döwletini esaslandyran, onuň ilkinji baştutany Gaýgysyz Atabaýew, 1946-1950 ýyllarda Türkmenistan hökümetine ýolbaşçylyk eden Şaja Batyrowdyr. Bu gerçekleriň atlary, nesiller çalyşsa-da, halkyň ýüreginden hiç haçan çykmaz. Çünki türkmen milleti olary zorluk bilen däl-de, arassa ýürek bilen sylady we sylap gelýär.

Türkmenistanyň şu günki ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem paýyna XXI asyrda türkmen halkyna baştutan bolmak nesibesi ýetdi. Belkem, Berdimuhamedowam şahsyýetparazlykdan, şöhratparazlykdan daşlaşyp, öz halkynyň syýasy we ykdysady abraýyny galdyrmaga ymtylar. Diňe şol ýol onuň adyny türkmeniň taryhyna ebedilik ýazyp biler. Eger-de ol dirikä özüni Aýa-Güne deňedip, aýagyny ýerden üzse welin, hakykatdanam beýikligini däl-de, eýse, edil Saparmyrat Nyýazow ýaly, pak dänedigini subut eder.

Gurbangeldi Töräýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG