Sepleriň elýeterliligi

Abdylla bilen Obama Eýran barada pikir alyşdy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen Saud Arabystanyň patyşasy Abdylla Eýranyň ýadro programmasy barada halkara jemgýyetçiligi tarapyndan alnyp barylýan tagallalary berk goldaýandyklaryny aýtdylar. Bu barada Ak Tam habar berýär.

Günbatar Eýranyň ýadro ýaraglaryny ýasamaga synanyşýanlygyndan şübhelenýär.

Abdylla bilen Obamanyň düýn duşuşdy. Gepleşiklerde Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky ýüzbe-ýüz bolmadyk gepleşikleriň gaýtadan başlanmagyna umyt bildirildi.

Iki ýurduň ýolbaşçylary şol gepleşikleriň soňra göni diýaloga öwrülmegine we bu diýalogyň Palestina bilen Ysraýylyň iki döwlet hökmünde parahatçylykly ýagdaýda ýaşamagyna ýol açmagyna umyt bildirdiler.
XS
SM
MD
LG