Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Içaly wakasy Moskwa bilen gatnaşyklara ýaramaz täsir etmez


ABŞ Orsýetiň aňtaw gulluklaryna hyzmat edýän 11 adamyň tussag edilmeginiň Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşygy artdyrmak boýunça edilýän tagallalara ýaramaz täsirini ýetirmejekdigini aýtdy.

Ak Tamyň metbugat wekili Robert Gibbs şol adamlaryň tussag edilmegi kanun we howpsuzlyk meselesidir, kanuny goraýjylar bu ugurda “kadaly ýagdaýda” hereket etdiler diýdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Ýewropa we Ýewraziýa boýunça orunbasary Filip Gordon hem düýnki eden çykyşynda Waşingtonyň Moskwa bilen hyzmatdaşlygy artdyrmak barada edýän tagallasyna sowuk uruş äheňindäki şeýle hereketleriň kölege salyp bilmejekdigini aýtdy.

Mundan ozal Orsýet tussag edilen şol adamlaryň arasynda Orsýetiň raýatlarynyň hem bardygyny aýdyp, olaryň ABŞ-nyň bähbidine zyýan ýetirjek hiç zat etmänligini öňe sürdi.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi tussag edilen şol adamlar bilen duşuşmak üçin aklawçylara we Orsýetiň ilçihanasynyň wekillerine rugsat berilmegini hem talap etdi.

Rus DIM-niň wekili Waşingtona ýüzlenip, bu mesele bilen çemeleşilende iki ýurduň arasynda häzirki döwürde dowam edýän oňyn gatnaşyklar hem göz öňünde tutulmalydyr diýdi.

ABŞ Orsýetiň gizlin agentleri diýlip şübhe edilýän 11 adamy tussag edip, şol adamlaryň ençeme ýyldan bäri Orsýete hyzmat edip gelýänligini habar beripdi.
XS
SM
MD
LG