Sepleriň elýeterliligi

2000-2010: Öňe gitmegiň deregine yza gaýdyşlyk


Prezident Dimitriý Medwedew (çepde) we Aleksandr Lukaşenka Çolpon-Atada geçirilen GDA-nyň sammiti döwründe, 31-nji iýul, 2009-njy ýyl.

Prezident Dimitriý Medwedew (çepde) we Aleksandr Lukaşenka Çolpon-Atada geçirilen GDA-nyň sammiti döwründe, 31-nji iýul, 2009-njy ýyl.

“Freedom House” guramasynyň täze hasabatynda geçen 10 ýyllykda öňki Sowet Soýuzynyň tutuş hemme ýerinde diýen ýaly demokratik dolandyryş we institusiýalarda öňe gitmegiň deregine yza gaýdyşlyk bolandygy aýdylýar.

Hasabatda Ýewropa we Ýewraziýanyň öňki 29 kommunistik ýurdunda ýerli we milli dolandyryş, graždan jemgyýeti, media, saýlawlaryň gidişi, kanuny şertler, sudlaryň garaşsyzlygy we korrupsiýa garşy göreş babatda bolan demokratik öňegidişlik we yza tesmeler bellenilip geçilýär.

‘Putin-Medwedewiň döwri’

“Freedom House” guramasynyň barlaglar boýunça direktory Kristofer Walkeriň aýtmagyna görä, bu meselede regionda iň uly aşaklamanyň bolan ýeri – Orsýet. “Hasabatda, ‘Putin-Medwedewiň döwri’ diýseňem boljak, geçen 10 ýyllyk döwür yzarlanýar. Bu demokratik institusiýalaryň – jogapkärçilik we aç-açanlygy kepillendirýän institusiýalaryň – göz-görtele zyýan çeken döwri”.

Walkeriň aýtmagyna görä, demokratik institusiýalaryň zyýan çeken döwri ykdysadyýet ösýärkä-de boldy, ykdysadyýet çökýän wagtam boldy. “Umumy ugur we umumy ülňi – tankydy institusiýalara gysyş görkezmek we olary dargatmak boldy” diýip, Walker aýdýar.

Walkeriň pikiriçe, iň ýaman ýeri Orsýetiň bu işleri bilen goňşy ýurtlarda awtoritarçylyga ýykgyn edýän ýolbaşçylara ýaramaz görelde bolup, olary güýçlendirýänligi.

Merkezi Aziýa

Hasabatda, häzir Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna ýolbaşçylyk edýän hem bolsa, Gazagystanda 2000-nji ýyldan bärde uly demokratik ilerlemäniň bolmanlygy aýdylýar. Azerbaýjan hem prezidentlik möhletine girizilen çäklendirmäni öten ýyl ýatyrmak bilen demokratiýadan daşlaşmagy dowam etdirdi.

Walkeriň pikiriçe, Gyrgyzystanda prezident Kurmanbek Bakyýewiň aprel aýynda agdarylmagyna getiren işleriň biri 2005-nji ýylda geçen rewolýusiýadan soň metbugatyň gitdigiçe sem edilmegidi. Aýratyn-da 2009-njy ýylyň hasabatynda Gyrgyzystan ölçelen ýedi kategoriýanyň bäşisi boýunça aşaklady.

“Biz geçen birnäçe ýyllykda hakyky alada sebäp bolýan ugurlaryň bardygyny kesgitläpdik. Gyrgyzystan şu döwrüň içinde oňaýsyz ugra tarap gitdi. Biz öten ýyl hem möhüm delillere görä, belli-külli peselişleriň bardygyny gördük. Üstümizdäki ýyl bu problemalar özüni gazaply ýollar bilen görkezdi” diýip, Walker aýdýar.

Ukraina we Balkan ýurtlary

Öňki Sowet respublikalarynyň arasynda geçen 10 ýyllykda belli bir derejä çenli gowy orny eýelän Ukraina. Walker Ukrainanyň medianyň goldamagy bilen saýlawda aç-açanlygy talap edip, demokratik ölçeglere gowuşmakda möhüm ädim ädendigini nygtaýar. Ol: “Medianyň, graždan jemgyýetiniň, saýlawlaryň inkär edilýän regionynda Ukraina gowulyga tarap hemmeden öňe saýlandy” diýýär.

“Freedom house” guramasynyň hasabatynda 2009-njy ýylyň aýaklarynda bolan wakalar hem şöhlelendirilýär. Hukuk goraýan toparlar fewral aýynda prezidentlige saýlanan Wiktor Ýanukowiçiň ýolbaşçylygynda media erkinligi we beýleki hukuklaryň çäklendirilýänligi barada alada bildirýärler.

Hasabatda Ýugoslawiýanyň bölünmegine getiren uruşdan soň Balkanlarda möhüm öňegidişlikleriň bolandygy bellenilýär. “Hemme ýerden, aýratyn-da öňki Sowet Soýuzyndan erbet habarlar gowuşýarka, Balkan ýurtlarynyň, kynçylyklara we bar bolan päsgelçiliklere garamazdan, gowulyga tarap hereketi dowam etdirýänligi aýratyn bellenmeli zat” diýip, Walker nygtaýar.
XS
SM
MD
LG