Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zimeraý: “Aşgabada aýtjak zadymy açyk aýtdym”


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow (çepde) we Türkmenistanyň Ýewropa Komissiýasyndaky missiýasynyň ýolbaşçysy Kakajan Mommadow, iýun, 2009-njy ýyl.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow (çepde) we Türkmenistanyň Ýewropa Komissiýasyndaky missiýasynyň ýolbaşçysy Kakajan Mommadow, iýun, 2009-njy ýyl.

Fransiýanyň hökümetiniň Adam hukuklary boýunça ýörite wekili, ilçi Fransua Zimeraý şu ýylyň 26-njy maýyndan başlap, Türkmenistanda üç günlük resmi saparda boldy.

Fransiýaly diplomat şol saparynyň dowamynda ýokary derejeli türkmen wekilleri bilen duşuşyp, esasanam adam hukuklary, türmeleriň ýagdaýy, kanunyň we adalatyň ilata elýeterliligi ýaly meseleler boýunça pikir alyşdy.

Adam hukuklary boýunça ýokary derejeli bu diplomatyň häzirki döwürde Türkmenistana barmagy we ynsan hukuklary ýaly meseleleri gozgamagy nämäniň alamaty? Bu mesele bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir Fransiýanyň ýörite ilçisi Fransua Zimeraý bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Hormatly ilçi, siz ýakynda Türkmenistanda bolduňyz. Ýurtdaky ýagdaýlar, hususanam, adam hukuklary barada gürrüň edilende, bu saparyň özüňizde galdyran täsiri barada maglumat beräýseňiz?

Ilçi Fransua Zimeraý
Fransua Zimeraý:
Türkmenistanda ýagdaý gowy däl, adam hukuklaryna ýeterlik hormat goýulmaýar. Emma bu ýagdaýy özgertmek barada resmiler tarapyndan isleg bar. Nyýazowyň alyp baran syýasatyna diňe ýurt ýa ýurduň abraýy nukdaýnazaryndan däl, adam hukuklary babatynda hem “betbagtçylykly döwür” diýip, baha berip bolar.

Nyýazowyň dolandyran ýyllary bilen deňeşdirilende ýurtda käbir özgerişlikler göze ilýär, biz bu tagallalary goldamak isleýäris. Men bu saparymyň dowamynda türkmen režimiň adam hukuklarynyň belli ugurlary boýunça işleşmäge isleginiň bardygyna göz ýetirdim. Bu barada takyk mysal bersem, adalat, türme, aklawçylar boýunça täze kanunyň düzülmegi, adalatyň ilata elýeterliligi ýaly ugurlar barada gürrüň etmek mümkin.

Biz pozitiw ösüşleri goldamak isleýäris. Biz Türkmenistana halkara jemgyýetçiliginiň arasynda öz ornuny almaga ýardam etmek isleýäris. Bu maksada ýetmek boýunça olarda isleg bar. Emma häzirki ýagdaý barada aýtsaň, ýurtda edilmeli işler gaty köp. Nyýazowyň döwründe adam hukuklary depelenýärdi diýmäge esas ýok, sebäbi ol döwürde Türkmenistanda asla adam hukuklary diýlen düşünje ýokdy!

Şol döwre ýurduň abraýy hem-de adam hukuklary meselesinde betbagtçylykly döwür hökmünde baha berip bolar. Emma häzirki ýolbaşçylaryň bu ýagdaýy özgertmek isleýänligine göz ýetirdim.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň häzirki ýolbaşçylarynyň ýagdaýy özgertmäge isleginiň bardygyny aýtmaga sizde nähili takyk esas bar?


Fransua Zimeraý: Bu barada olaryň özleri gürrüň berdiler. Haýsydyr bir özgerişlik boýunça ädim ätmezden ozal bu barada ýagdaýa synyň orta atylmagy zerur. Häzirem men iş ýüzünde o diýen uly özgerişlik göremok, emma režimiň, dil ujundan bolsa-da, bu ugurda üýtgeşiklige isleg bildirmegi höweslendiriji ýagdaýdyr, muňa ilkinji ädim hökmünde baha berip bolar.

Emma bu uzak hem kyn ýol, bu ugurda dürli päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolunmagy mümkin. Şol bir wagtyň özünde-de ýurtda käbir kanuny özgerişleri amala aşyrmak barada hem tagalla edilýär, meselem, aklawçylar baradaky kanun hakda gürrüň edip bolar. Käbir beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende, Türkmenistanda zenanlaryň ýagdaýy gowy, bu ugurda deň hukuklylyk bar, emma Türkmenistanyň töwereginde ýerleşýän ençeme ýurt bu ugurda bärden gaýdýar.

Galyberse-de, meniň maksadym diňe ýagdaýa baha bermek, olary tankyt etmek ýa günälemek däl, şol bir wagtyň özünde-de türkmen ýolbaşçylaryna alyp barýan gowy işlerinde goldaw bermek. Meselem gören-eşiden zatlaryňy olara aç-açan aýtmak, gowy zada gowy diýip, kemçiliklerini hem aç-açan olaryň öňünde goýmak. Meniň pikirimçe, diňe tankyt bilen netije gazanyp bolanok.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistanda bolanyňyzda käbir öňyn özgerişlikleriň bardygyna şaýat bolanlygyňyzy aýtdyňyz, eger şeýle bolsa, size oppozisiýa aktiwistleri bilen duşuşmaga hem-de türmelere baryp görmäge rugsat edildimi?

Fransua Zimeraý: Ýok, gynansak-da, maňa türmelere baryp görmäge we bendiler bilen duşuşmaga rugsat edilmedi. Men esasanam Fransiýanyň telekanalyna interwýu beren we soňra tussag edilen iki adamyň ykbaly hakda Türkmenistanyň hökümet wekillerine sorag berdim. Olar barada maňa täze maglumat almak başartmady hat-da olaryň öli ýa diridigi hakda hem meniň maglumatym ýok. Bu adam hukuklaryny-da, hatda Türkmenistanyň öz kanunlaryny hem aýak astyna salmakdyr.

Sebäbi sud diňlenşiginiň adalatly geçirilmegi hem-de adalatyň aç-açanlygy hakda Türkmenistan ençeme halkara ylalaşyklara gol goýan ýurt. Onsoň beýle ädimler Aşgabadyň abraýyna zeper ýetirýär. Nämäniň ýurda we adam hukuklarynyň ýagdaýyna zeper ýetirýänligine Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylarynyň göz ýetirmekligi zerur.

Emma şol bir wagtyň özünde-de biz häzirki döwürde adam hukuklaryna ozal hiç haçan hormat goýulmadyk ýurt hakda gürrüň edýäris. Diýmek, adam hukuklary diýlen zat Türkmenistanda täze tema. Biz, elbetde, türkmen hökümetiniň öňünde öz talaplarymyzy goýmaly, emma ýurtda käbir kabul ederliksiz ýagdaýlaryň bardygyna garamazdan, sabyrlylyk görkezmeli.

Men gynamalara sezewar edilen bir adam bilen duşuşdym, men bu ýurtda oppozisiýaynyň nähili günleri başdan geçirýänligini hem bilýärin, men Türkmenistanda erkinlik ugrunda alada etmekligiň kynçylyklaryna-da göz ýetirýärin. Bu asla kabul ederlikli ýagdaý däl.

Azatlyk Radiosy: Eger Siziň beren maglumatlaryňyzdan çen tutulsa, adam hukuklary boýunça Türkmenistanda ýagdaý agyr, şeýle pursatda Aşgabada sapar etmek arkaly siz Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylaryna öz alyp barýan syýasatyny kanunylaşdyrmaga ýardam edenligiňiz hakda oýlanaňzokmy?

Fransua Zimeraý: Ýok, sebäbi men aýtjak zadymy aç-açan aýtdym, ýagdaý aşa gözgyny. Gynansak-da, adam hukuklaryna bu ýurtda hormat edilmeýär. Emma muny bellemek bilen bir hatarda olaryň etmeli işleriniň hem aşa köpdügini aýdasym gelýär. Men Türkmenistanyň hökümet ýolbaşçylarynyň bu ugurda hereket etjekdigine umyt baglaýaryn.

Bu ähli hukuk goraýjylaryň bähbidine, bu halkara jemgyýetçiliginiň bähbidine, ynsanýetiň we hemmesinden beter hem Türkmenistanyň hut öz bähbidine laýyk gelýär. Olar bu ýagdaýa düşünmeli. Meniň maksadym türkmen režiminiň alyp barýan işlerini kanunylaşdyrmak ýa bikanunlaşdyrmak däl, belkem, adam hukuklry boýunça olar bilen gepleşiklere başlamaga gapy açmakdan ybaratdyr. Emma bu barada diňe gürrüň edip, soňra ony ýatdan çykarmaly däl, belli ugurlar boýunça takyk ädimler ätmeklik zerur.

Türmelerdäki ýagdaýlar, adalatly sud diňlenişigi, howpsuzlyk güýçleri tarapyndan amala aşyrylan gynamalaryň öňüni almak ýaly ugurlar boýunça ýurtda edilmeli iş gaty köp. Bu barada tankydy äheňde däl, konstruktiw äheňde gepleşikler geçirilmeli. Tankydy äheňde däl diýenimde, munuň sebäbi Türkmenistanyň tankyda mynasyp bolmanlgy üçin däl, eýse bu ädimiň täsirli bolmaýanlygy üçin.

Azatlyk Radiosy: Siz türkmen resmileri bilen duşuşanyňyzda adam hukuklarynyň ýagdaýy hakda pikir alşanlygyňyzy aýtdyňyz, bu gepleşiklerden nähili netijä garaşyp bolar?

Fransua Zimeraý:
Mundan beýläk ädiljek ädim Türkmenistanda amala aşyrylan gepleşikler we onuň netijelerinden hökümete degişli bolmadyk guramalary habardar etmek. Fransiýada bu işi amala aşyrdym.

Türkmenistan barada aýdylanda, hökümet ýolbaşçylary bilen belli pudaklar bilen bagly takyk ugurlar barada hyzmatdaşlyk etmek boýunça proýektleri saýlamakdyr. Eger biz adam hukuklary barada umumy gürrüň etsek, onuň peýdasy bolmaz. Sebäbi adam hukuklary diýilýän sözlem konseptden ybaratdyr. Meselem, “Bendileriň hukuklary nämeler?”, “Çagalaryň hak-hukugynyň kemsidilmeginiň nähili öňüni alyp bolar?” diýlen ýaly takyk ugurlar boýunça gepleşikler geçirilen halatynda has gowy netije gazanyp bolar.

Bu dialoglar öz ugry boýunça professional adamlaryň arasynda amala aşyrylmaly, meselem, howpsuzlyk güýçleri bilen howpsuzlyk güýçleriniň, biznesmenler bilen biznesmenleriň arasynda gepleşikler geçirilmeli. Türkmenistan ýaly ýurtlarda aktiwistler arkaly däl, şeýle usulda amala aşyrylan hyzmatdaşlyklardan we gepleşiklerden has oňyn netije gazanyp bolýar.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistan bilen belli we takyk proýektler boýunça iş alnyp baryljakdygyny aýtdyňyz, bu ugurdaky hyzmtadşlyga başlamak üçin proýektleri saýladyňyzmy? Eger saýlan bolsaňyz, onyň amala aşyrylmagy boýunça belli bir möhleti göz öňünde tutýarmysyňyz?

Fransua Zimeraý: Biz henize çenli bilelikde iş alyp barmak boýunça haýsydyr bir pudagy saýlamadyk, emma hyzmatdaşlyk edip bolaýjak käbir pudaklar hakda gürrüň etdik. Olar türmeleriň ýagdaýy, howpsuzlyk güýçlerini türgenleşdirmek, esasy kanunyň durumy, onuň çap edilişi, öwredilişi we kanunyň düzülişinde halkyň orny ýaly pudaklar hakda gürrüň etse bolar. Biz bu barada Türkmenistana ýardam edip biljekdigimizi çak edýäris.

Azatlyk Radiosy: Beýleki islendik ýurt ýaly Fransiýanyň hem öz biznes bähbitleri bar, onsoň haýsydyr bir ýurt bilen gatnaşygyň ugurlaryny kesgitlemek barada karar kabul etmeli bolanda, adam hukuklary bilen öz biznes bähbitleriňizi neneňsi utgaşdyrýarsyňyz?


Fransua Zimeraý: Bu ikisini utgaşdyrmak gaty aňsat, sebäbi olar bilelikde amala aşyrylýan zatlar. Olar biri-birine gapma-garşy däl. Meselem, şeýle pikirlenip görüň, gatnaşygymyz bolmadyk islendik bir ýurt näme üçin biziň sözümize gulak assyn? Ýa biziň maslahatlarymyzy näme üçin durmuşa geçirsin?

Eger siz sözüňiziň diňlenmegini isleýän bolsaňyz, eger adam hukuklary boýunça dialoga pursat isleýän bolsaňyz, olar üçin siziň ähmiýetiňiz bolmaly. Haçanda biz beýleki bir ýurtda öz ykdysady, medeni, käbir halatlarda harby täsirimizi artdyrsak, onda bu adam hukuklary boýunça dialogyň geçirilmegine hem gowy mümkinçilik döredip biler.

Ykdysady täsirimizden, goýan maýamyzyň güýjünden we özümize goýulýan sarpadan adam hukuklary boýunça gepleşikleri geçirmek üçin peýdalanyp bileris. Bu orän möhüm meseledir.
XS
SM
MD
LG