Sepleriň elýeterliligi

Täze Üzenden Gürgene barjak magistralyň 300 kilometri guruldy


Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň gurluşyk edaralarynyň Türkmenistany Gazagystan we Eýran bilen birleşdirjek Täze Üzen-Gyzylgaýa-Bereket-Etrek-Gürgen halkara magistralynyň 300 kilometrini gurandygy habar berilýär.

Bu magistraly gurmak baradaky teklip ilkinji gezek 2007-nji ýylyň ýazynda öňe sürüldi. Şonda Tähranda Türkmenistanyň, Eýranyň we Gazagystanyň arasynda üçtaraplaýyn ylalaşyga gol çekilip, bu magistralyň gurluşygy başlanypdy.

Bu proýektde Merkezi Aziýadan gysga ýol bilen Pars aýlagyna çykjak demir ýoluň gurulmagy göz öňünde tutulýar.
XS
SM
MD
LG