Sepleriň elýeterliligi

3-nji iýulda Roza Otunbaýewa prezidentlige kasam eder


3-nji iýulda Roza Otunbaýewa Gyrgyzystanyň prezidentligine kasam kabul eder. Otunbaýewanyň 2011-nji ýylyň ahyryna çenli bu wezipäni eýelejekdigi habar berilýär.

Gyrgyz prezidentiniň wezipesine girişmegi boýunça dabara 27-nji iýunda geçirilen referendumyň netijeleri yglan edilenden soň geçiriler.

Bu referendumyň deslapky netijeleri gyrgyz raýatlarynyň köpüsiniň ýurduň parlament sistemasyna geçmegini goldandygyny görkezdi.

Gyrgyzystandaky parlament saýlawlary 10-njy oktýabra planlaşdyryldy.
XS
SM
MD
LG