Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owganystanda 8 sany talyp pitneçisi öldürildi


NATO-nyň harby-howa harby bazasyna hüjüm eden birnäçe talyp pitneçiniň öldürilendigini NATO we owgan resmileri habar berdiler. Bu waka Pakistana golaý ýerleşýän Jelalabad şäherinde ýüze çykdy.

Ýerli häkimligiň metbugat sekretary Ahmad Zia Abdulzaýyň aýtmagyna görä, janyndan geçen hüjümçi minalanan maşyny bazanyň girelgesinde partladypdyr.

Owganystanyň Goranmak ministrligi bu wakada 8 pitneçiniň heläk bolandygyny habar berdi. Maglumatda NATO-nyň ýaranlyk güýçlerinden bir adamyň heläk bolup, ýene biriniň ýaralanandygy aýdylýar.

29-njy iýunda Owganystandaky ýaranlyk güýçlerine ýolbaşçylyk edýän general Deýwid Petreus üstümizdäki birnäçe aýyň dowamynda Owganystanda zorlugyň artmagynyň mümkindigini duýdurdy.
XS
SM
MD
LG