Sepleriň elýeterliligi

Eýranda iki adam dardan asylyp öldüriler


Eýranda hökümete garşy gurnalan protestlerde tussag edilen adamlardan üçüsini türmede öldürenlikde aýyplanýan iki adam harby suduň karary bilen dardan asylyp öldüriler.

Eýranyň IRNA habar agentligi sud tarapyndan ýaýradylan beýanata salgylanyp düýnki çap eden maglumatynda bu mesele bilen bagly iki adama ölüm jezasynyň berlendigini, 9 adamyň türme tussaglygyna höküm edilendigini we aýyplanýanlardan biriniň azat edilendigini habar berdi.

Bu barada mart aýynda sud diňlenşigi başlananda eýranly wekiller bu waka bilen bagly howpsuzlyk güýçleriniň 11 agzasynyň we bir graždanyň aýyplanýandygyny habar beripdiler.
XS
SM
MD
LG