Sepleriň elýeterliligi

Içalyçylykda aýyplanýanlardan biri ýitirim boldy


Orsýetiň içalysy bolup hyzmat edenlikde ABŞ tarapyndan aýyplanýan 11 adamdan biriniň tussag edilip, soňra kepil geçilenenligi üçin boşadylandan soň onuň ýitirim bolanlygy aýdylýar.

Kipriň polisiýa departamenti içalydygy gümän edilýän Kristofer Robert Metsosyň goluny goýmak üçin çarşenbe güni polisiýanyň edarasyna gelmänligini habar berdi.

Kristofer Robert Metsos bilen gelnen ylalaşyga görä, ol düýn goluny goýmak üçin howpsuzlyk güýçleriniň edarasyna barmalydy.

ABŞ Orsýetiň gizlin agentleri diýlip şübhe edilýän 11 adamy tussag edip, şol adamlaryň ençeme ýyldan bäri Orsýete hyzmat edip gelýänligini habar beripdi. Güman edilýänleriň biri Kiprde ele salnypdy.

Amerikaly we orsýetli ýolbaşçylar bu wakanyň iki ýurduň ýokarlanýan gatnaşygyna ýaramaz täsirini ýetirmejekdigini aýdyp çykyş edýärler.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi tussag edilen şol adamlaryň arasynda Orsýetiň raýatlarynyň hem bardygyny aýdyp, olaryň ABŞ-nyň bähbidine zyýan ýetirjek hiç zat etmänligini öňe sürüpdi.
XS
SM
MD
LG