Sepleriň elýeterliligi

Petreus NATO-nyň Owganystandaky harby ýolbaşçysy boldy


Düýn ABŞ-nyň Senaty prezident Barak Obama tarapyndan NATO-nyň we ABŞ-nyň Owganystandaky harbylarynyň ýolbaşçysy wezipesine teklip edilen general Petreusyň kandidaturasyny tassyklady.

General Petreus general MakKristalyň öňki wezipesini eýelär. MakKristal ABŞ-nyň ýokary derejeli graždan ýolbaşçylaryny tankyt edenligi üçin wezipesinden çetleşdirilipdi.

Mundan ozal ABŞ-nyň Yrakdaky harbylaryna hem ýolbaşçylyk eden Petreus sişenbe güni Senatda geçirilen sessiýada çykyş edip, Owganystanda çalt netije gazanyp bolmajakdygyny belledi.

General Petreusyň kandidaturasy tassyklanandan soň Ak Tam tarapyndan ýaýradylan beýanatda generalyň tejribesiniň ABŞ-nyň Owganystan boýunça strategiýasynyň üstünlikli tamamlanmagyna kepil geçýänligi aýdyldy.

Britaniýanyň goranmak ministri Liýam Foks hem Petreusa gowy baha berip, ol Owganystanda ýerleşýän daşary ýurtly harbylara mundan beýläk hem agyr günleriň garaşýanlygyny duýdurdy.
XS
SM
MD
LG