Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Brýusselde “Nabukko”, “Transhazar” maslahatlaşyldy


Baunmgartendäki tebigy gaz stansiýasy. Bu stansiýa “Nabukko” turbalarynyň iň soňky nokady bolmaly.
Baunmgartendäki tebigy gaz stansiýasy. Bu stansiýa “Nabukko” turbalarynyň iň soňky nokady bolmaly.

27-30-njy iýun aralygynda Brýusselde "Transhazar" we "Nabukko" gazgeçirijileriniň tehniki we kommersiýa ugurlaryna, şeýle hem munuň syýasy we hukuk meselelerine bagyşlanan ilkinji konferensiýa geçirildi.

Ýagşygeldi Kakaýew
ÝB-niň Energiýa komissarlygy tarapyndan gurnalan bu duşuşyga Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň resmileri hem-de birnäçe ýewropaly energiýa kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşyga Türkmenistanistanyň prezidentiniň ýanyndaky uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we ulanmak boýunça döwlet agentliginiň ýolbaşçysy Ýagşygeldi Kakaýew hem gatnaşdy.

Forumda ÝB tarapyndan goldanylýan “Nabukko” proýektiniň esasan hem tehniki meseleleri maslahatlaşyldy diýip, Azatlyk Radiosynyň Brýusseldäki korrespondenti habar berýär. Şeýle duşuşyklar yzygiderli dowam etdiriler.

Brýusselde şu tomsuň ahyryna çenli Hazar regionynyň gazyny Ýewropa akdyrmagyň syýasy ugurlaryna bagyşlanjak duşuşyk hem geçiriler. Sentýabr aýýnda geçiriljek konferensiýada bolsa bu ugurda ymykly karara gelner diýlip garaşylýar.

Kompaniýalar ikirjiňlenýär

“Awstriýanyň OMV kompaniýasy we nemes RWE kompaniýasy “Nabukko” proýektini maliýeleşdirmek boýunça başga-da kommersiýa hyzmatdaşlary tapylmasa özleriniň bu proýekte maýa goýmajakdyklaryny duýdurýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýdýar.

Şeýle hem “Nabukko” proýektiniň paýdarlary bolan RWE we OMV kompaniýalary bu gazgeçirijini tebigy gaz bilen üpjün etmek boýunça berlen wadalar bilen doly kanagatlanmaýarlar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy resmilere salgylanyp habar berýär.

“Häzirki wagtda “Nabukko” proýektine ÝB-niň syýasy goldawy uly. Munuň durmuşa geçirilmegine Brýussel, Berlin we Wena uly goldaw berýär. Galan zat Azerbaýjana we belli bir derejede Türkmenistana bagly, olar bu proýekt üçin ýeterlik ýangyjyň bardygyna Günbatary ynandyrmaly” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýdýar.

Şol bir wagtyň özünde Azerbaýjan Orsýetiň “Günorta akym” proýekti boýunça Moskwa bilen işleşýär. Emma bu proýektiň öňünde hem dürli kynçylyklaryň bardygy öňe sürülýär.

Planlaşdyrylýan “Nabukko” proýekti ýyllyk 31 milliard kubmetrlik gazy Hazar regionynyň üsti bilen Ýewropa ýetirmeli. Gazgeçirijiniň gurluşygy 2011-nji ýylda başlanyp, gazyň ilkinji tapgyry 2014-nji ýylda akdyrylmaly. Bu proýektiň gurulmagy üçin azyndan 9,5 milliard dollar gerek.
XS
SM
MD
LG