Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Fransiýanyň söwda wekili Aşgabatda boldy


Fransiýanyň Daşary söwda boýunça döwlet sekretary Anne-Mariýe Idrak (çepde) we Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi, Brýussel, 2008-nji ýyl.

Fransiýanyň Daşary söwda boýunça döwlet sekretary Anne-Mariýe Idrak (çepde) we Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi, Brýussel, 2008-nji ýyl.

30-njy iýunda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň Daşary söwda boýunça döwlet sekretary Anne-Mariýe Idragy we Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkoziniň Merkezi Aziýa bilen syýasy we ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça ýörite wekili senator Aýmeri de Monteskýuny kabul etdi.

Duşuşykda türkmen prezidenti Ýewropanyň öndebaryjy döwletleri bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýmagyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýratyn belledi.

Fransuz hökümeti türkmen resmileri bilen duşuşyk geçirýär, Pariž, fewral, 2010.
Fransiýanyň Daşary söwda boýunça döwlet sekretary Ann-Mari Idrak öz ýurdunyň Türkmenistan bilen aradaky gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Soňky döwürde fransuz-türkmen gatnaşyklarynyň barha ösýändigi göze ilýär. Garaşsyz žurnalist Aşyrguly Baýryýew hem bu gatnaşyklaryň gurluşyk, söwda, ykdysady pudaklarda göze ilýändigini aýdýar. Baýryýewiň sözlerine görä, Türkmenistandaky ähli gurluşyklaryň azyndan 30-40%-i fransuz gurluşyk kompaniýalary tarapyndan amala aşyrylýar.

“Türkmenistanda fransuz gurluşyk kompaniýalaryna iň uly obýektler ynanylýar. Meselem, Aşgabatdaky bahasy 100-münlerçe dollara deň bolan «Ruhyýet» köşgi, «Oguzkent» atly dünýa standartlaryna gabat gelýän myhmanhana. Onuň bahasy 4 million dollardan gowrak diýlip, resmi taýdan yglan edildi” diýip, Baýryýew belleýär.

Ynjyk mesele

Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow (çepde) Fransiýanyň premýer-ministri Fransua Fillon bilen, Pariž, fewral, 2010.
Fransiýa Ýewropa Bileleşiginiň çäginde möhüm döwletleriň biri. Fransiýanyň Türkmenistanda demokratik gymmatlyklaryň ösmegi ugrunda tagalla edýändigini, emma bu tagallalaryň ýurduň doly demokratik ösüş ýoluna düşmegi üçin ýeterlik däldigini žurnalist belleýär.

“Meselem, geçen tomusda Türkmenistan Bişkekdäki amerikan uniwersitetinde okaýan studentleri okuwa goýbermän saklady. Soňra ýurduň prezidentiniň Fransiýa iş saparynyň öň ýanynda bu mesele oňyn çözüldi.” diýip, aşgabatly garaşsyz žurnalist Aşyrguly Baýryýew ýatlaýar.

Emma Fransiýanyň mediasy bilen hyzmatdaşlyk eden türkmenistanly graždan aktiwistleri Sapardurdy Hajyýew we Annagurban Amangylyjow häzirem türme tussaglygynda saklanýarlar. “Şu meselede fransuz tarapy türkmen häkimiýetlerine täsirini ýetirip bilmediler” diýip, A.baýryýew aýdýar.

Bosgunlykdaky “Respublikan” oppozision partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamow fransuz resmileriniň bu saparynyň ýurtda adam hukuklary we demokratiýa boýunça ösüşleriň bolmagyna oňaýly täsir etjekdigini we bu işleriň ýuwaş-ýuwaşdan amala aşyryljakdygyny öňe sürýär.

“Olar ilki aragatnaşyklary sazlaýarlar, ykdysady meseleleri çözýärler, ikitaraplaýyn bähbitli aragatnaşyklary ýola goýýarlar. Gapdalyndan hem adam hukuklary we demokratiýa meseleleri maslahatlaşylýar” diýip, Nurmuhammet Hanamow aýdýar.

Kem-kemden...

Fransiýanyň resmilerini Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky adam hukuklary we demokratiýa meseleleri däl-de, energetika meselesiniň köpräk gyzyklandyrýandygyny häzir Fransiýada ýaşaýan özbegistanly syýasaty öwreniji Kamoliddin Rabbimow hem tassyklaýar.

“Soňky döwürde Türkmenistan özüniň geosyýasy nukdaýnazaryndan garaşsyzdygyny görkezip başlady. Ol Orsýetiň daşyndan aýlanyp geçýän energetik proýektleri goldaýandygyny aýan etdi. Şunuň özü Ýewropa syýasatçylarynda Türkmenistana gyzyklanmanyn artmagyna sebap boldy. Şeýle-de bolsa, olar ýurtdaky adam hukuklary we demokratiýa meselelerini gozgarlar. Sebäbi bu gozgalýan kompleksleýin meseleleriň biri bolup durýar” diýip, synçy Rabbimow aýdýar.

Rabbimowyň pikiriçe, Günbatar döwletleri Merkezi Aziýada adam hukuklary we demokratiýany ornaşdyrmak üçin rewolýusiýa ýoluny däl-de, ewolýusiýa ýoluny saýlap almaly. “Ýagny hemme zat kem-kemden özgermeli, şol sanda halkyň mentaliteti, onuň syýasy medeniýeti basgan…ak-basgançak ösmeli, üýtgemeli diýen pozisiýada durýarlar. Şonuň üçin hem olar bu meseleler barada aktiw hereket etmeýärler”.

Emma Hanamow ýagdaýyň düzelmeginiň halkyň özüne baglydygyny belledi: “Ýagdaýy düzetmek üçin halkyň özi gorkudan çykyp, öz bähbitlerini goramak ugrunda hereket etmeli. Goňşy Gyrgyzystanda halk öz bähbitleri ugrunda hereket edip, iki prezidenti ýurdy taşlap gitmäge mejbur etdi. Günbatar döwletleri we halkara guramalary hem hemişe hereketde bolup, adam hukuklary we demokratiýa meselesinde özgerişleriň geçirilmegini hökümetden talap etmeli.”
XS
SM
MD
LG