Sepleriň elýeterliligi

Polşada prezidentlige kandidatlar teleçekeleşik geçirdi


Polşada ikinji tapgyr prezident saýlawlary 4-nji iýulda bolar. Onuň öň ýany iki dalaşgäriň - polýak parlamentiniň başlygy hem prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji Bronislaw Komorowskiý bilen oppozisiýa lideri Ýaroslaw Kaçinskiniň teleçekeleşigi geçirildi.

Çarşenbe günündäki teleçekeleşikde Ýarorslaw Kaçinskiý şeýle diýdi: “Döwletiň mynasyp statusy bolmaly. Ol özüni garaşly duýmaly däldir. Halkara guramalarda (biziň häzirki ýagdaýymyzda ÝB-de) karar kabul ediş prosessinde aktiw rol oýnamalydyr” diýip, Kaçinskiý aýtdy.

Kaçinskiý şu ýylyň 10-njy aprelinde Smolenskiniň eteginde uçar betbagçylygynda heläk bolan öňki prezident Leh Kaçinskiniň doganydyr.
XS
SM
MD
LG