Sepleriň elýeterliligi

Human Rights Watch guramasy ÝHHG-e çagyryş etdi


Adam hukuklaryny goraýan halkara Human Rights Watch guramasy Gyrgyzystanyň günortasyna ýörite polisiýa missiýasyny ugratmaga ÝHHG-ni çagyrýar.

“Gyrgyzystdanda täze Konstitusiýa boýunça referendumyň asuda geçendigine garamazdan, ýurduň günortasynda zorluklaryň döremegine getiren köp sanly problemalar çözülmedi” diýlip, guramanyň beýannamasynda nygtalýar.

Geçen hepde Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti ÝHHG-den polisiýa kömegini sorady. Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy regiona 120 polisiýa işgärini ýollamakçy, ýöne olar ýaragsyz hem ygtyýarlyklary çäkli bolmaly.

“Gyrgyzystanyň günortasyndaky krizisi kadalaşdyrmakda ÝHHG-niň şeýle kömegi ýolbermesiz hem gijä galan kömek” diýip, Human Rights Watch guramasy hasap edýär.

Gyrgyzystana polisiýa missiýasyny ugratmak meselesine penşenbe güni ÝHHG-niň hemişelik geňeşinde seredildi.
XS
SM
MD
LG