Sepleriň elýeterliligi

Içalyçylykda aýyplanýanlara girew goýmaga rugsat edilmedi


Orsýetiň peýdasyna içalyçylykda güman edilýän 9 adam derňew wagty girew goýup, azatlyga çykmak haýyşy bilen ýüz tutdy.

Hepdäniň birinji güni amerikan sudy şu iş boýunça saklanan ýene biriniň haýyşyny kanagatlandyrmady.

Şol bir wagtda 11-nji güman edilýäniň gözlegi Kiprde dowam edýär. Ol girew bilen azatlyga goýberlensoň ýitirim bolup, suda gelmedi.

Saklananlaryň käbiriniň Orsýetiň graždanydygyny tassyklan Orsyetiň DIM-i olara diplomatik kömek bermekçidigini aýtdy.

Moskwa hem Waşington içalyçylyk bilen bagly dawalaryň rus-amerikan gatnaşyklarynyň ýaramazlaşmagyna getirmejekdigini mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG