Sepleriň elýeterliligi

Pakistandaky partlamalarda 40 adam heläk boldy


Lahordaky partlamada heläkçilik uly

x
Penşenbe güni agşam Pakistanyň Lahor şäherindäki umumy ybadathanada janyndan geçen bombaçy tarapyndan amala aşyrylan iki partlamada azyndan 40 adamyň heläk bolanlygy aýdylýar.

Pakistanyň howpsuzlyk güýçleriniň aýtmagyna görä, sopylaryň köpçülikde jemlenişýän we olaryň mukaddes ýeri diýlip hasaplanýan “data derbarda” bolan şol partlamalarda azyndan 120 adam ýaralanypdyr. Ýaralananlardan köpüsiniň ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç kim boýun almady.

Pakistanyň ikinji uly şäheri we ýurduň medeni paýtagty Lahorda soňky bir ýylyň dowamynda yslamçy gozgalaňçylar tarapyndan amala aşyrylanlygy aýdylýan ençeme partlama boldy.

Azlykda bolan Ahmedileriň metjitlerinde maý aýynda bolan hüjümlerde azyndan 90 adam heläk bolupdy. Ilat şol wakany amala aşyranlykda talyp toparyny aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG