Sepleriň elýeterliligi

Ýsraýyl öz esgeri üçin 1000 palestinalyny boşatmaga razy


Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu eger Hamas topary 2006-njy ýyldan bäri tussaglykda saklanýan ysraýylly esger Gilat Şalidy azat etse 1000 sany palestinaly tussagyň boşadyljakdygyny aýtdy.

Netanýahu bu pikirini düýn ilata ýüzlenip eden çykyşynda öňe sürdi.

Emma ol bu teklibi bilen bagly iki şerti hem orta atdy. Olardan biri ýakasyny tanadan terroristleriň boşadylmajakdygy we beýlekisi bolsa şol palestinalylardan käbirleriniň Iordan derýasynyň günbatar kenaryna däl-de, Gaza iberiljekdigi barada.

Gazany öz gözegçiliginde saklaýan Hamas topary bu şertleri mundan öň ret edipdi.

Şalit bilen bagly Netanýahunyň öňe süren bu teklibi agzalýan esgeriň maşgala agzalary tarapyndan hökümete edilýän basyşlaryň barha artýan häzirki pursatyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG