Sepleriň elýeterliligi

Obama Eýrana garşy girizilmeli sanksiýalara gol goýdy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly Tährana garşy berk we täze sanksiýalary girizmek baradaky dokumente düýn giçlik goluny goýdy.

Prezident Barak Obama täze sanksiýalaryň Tähranyň öz ýadro programmasyny maliýeleşdirmegini hasam kynlaşdyrjakdygyny belledi.

Bu dokument geçen hepde ABŞ-nyň Wekiller öýi hem-de Senaty tarapyndan tassyklanypdy. Bu sanksiýalar esasan hem Rewolýusiýanyň sakçylar toparyny, bu toparyň import edýän gazyny we energiýa serişdelerini nyşana alýar.

Mundan ozal BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi ýadro programmasy bilen bagly Eýrana garşy sanksiýalaryň dördünji tapgyryny girizipdi.
XS
SM
MD
LG