Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap welaýatynda Amyderýanyň suwy joşýar


Türkmenistanyň gündogaryndaky Lebap welaýatynda Amyderýanyň suwy joşýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy Osman Hallyýew maglumat berdi.

Köp ýerlerde orlup ýetişilmedik galla meýdanlarynyň, welaýat boýunça ýüzlerçe gektar gowaçanyň suwuň aşagynda galandygy aýdylýar.

Sil suwlary Lebap welaýatynyň derýanyň kenaryna golaý ýerleşen obalaryna, Çärjew şäheriniň (häzirki ady Türkmenabat) ilatynyň köp sanly daça obajyklaryna howp salýar.

Kerki (häzirki ady Atamyrat) şäherinde derýanyň indi birnäçe gün bäri döwlet gaçysyny - berkitmelerini - ýalap akýandygyny Azatlyk Radiosyny telefon arkaly babar berdiler.

Türkmensitantyň habar serişdelerinde bu hakda ilata habar berlenok.
XS
SM
MD
LG