Sepleriň elýeterliligi

Häzir Türkmenistanda tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň, ýagny tehnologiýadaky oýlap tapyşlaryň ähmiýetiniň gaty uludygy barada prezident öz çykyşlarynda birnäçe gezek nygtap geçipdi.

Emma Türkmenistanda 80 ýaşa golaýlan Rejep Jepbarowyň suw hojalygyndaky öz baý tejribesine esaslanyp, akabalary läbikden arassalamak üçin teklip eden usuly kabul edilmedi.

Türkmen metbugatynda 21-nji asyryň ylmy-tehniki ösüş döwrüdigi, geljekki nesil barada pikir edilse, bu meselä köp üns berilmelidigi barada çagyryşdyr makalalar çap edilýär.

Tehnologiýadaky soňky açyşlary durmuşa geçirmek baradaky 2008-nji ýylda çap edilen makalasynda sosiologiýa ylymlarynyň kandidaty Agabaýew şeýle ýazýar: “Ylmy-tehniki üstünlikleriň durmuşa geçirilmeginiň jemi öndürilýän içerki önümiň 50% ösmegine täsir edip bilýändigi dünýä ykdysadyýetinde subut edildi”.

Ylmy açyşlaryň esasynda öndürilen önümleriň möçberi häzir 2 trillion 300 milliard amerikan dollaryna barabardyr. Şol önümleriň 39 %-i ABŞ-da, 30 %-i Ýaponiýada, 16 %-ti-de Germaniýa ýaly ýurtlarda öndürilýär diýip, alym-sosiolog ýazýar.

Şol bir wagtda-da Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda tehnologiýa degişli ylmy açyşlary durmuşa geçirmek meselesiniň, ýurduň prezidentiniň baha bermegine görä, kanagatlanarly däldigi hakda bu makalada aýdylýar. Bu ýagdaýy düzetmek üçin hökümetiň ylmy-barlag, konstruktorlyk-synag işlerini aktiw goldap biljekdigi hem bellenilýär.

Rejep aganyň usuly

Gökdepeli ýaşuly Rejep Jepbarow suw akabalaryny gyrmançalardan arassalamak boýunça usuly oýlap tapan adamlaryň biri. 7 klas bilimli, ýöne suw hojalygy pudagynda ömrüniň esli bölegini geçiren Rejep aga öz açyşyny iki ýyl mundan ozal Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň patent müdirligine beripdir.

Žurnalist Aşyrguly Baýryýewe gürrüň bermegine görä, Rejep Jepbarow öz açyşyna “Kanalyň hanasyndaky gyrmançaly topragy aýyrmagyň usuly hem-de ony amala aşyrmak üçin ýüzýän ýuwujy gural” diýip, at beripdir. Bu açyş şol at bilenem Türkmenistanda hasaba alnypdyr. Emma bu usulynyň Türkmenistanyň suw hojalygynda ulanylmagy bilen bagly Rejep aganyň eden aladalary welin, hiç hili netije bermändir.

Öz baý tejribesiniň netijesinde işläp tapan usulynyň Türkmenistanyň suw hojalygynda ulanylmagyny gazanmak üçin Rejep aga Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky ”Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşine” we beýleki degerli edaralara ýüz tutupdyr.

Şeýle hem Rejep aga öz açyşyny Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Patent müdirligine tabşyrypdyr we bu açyş iki ýyl mundan öň resmi suratda hasaba alnypdyr. Rejep aga özüniň mundan başga-da Türkmensuw ylym taslama institutyna we beýleki degerli edaralara ýüz tutandygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Rejep Jepbarow öz açyşynyň Türkmenistanyň suw pudagynda ulanylmagyny gazanyp bilmändir. Muňa sebäp bolan zat, ýaşulynyň aýtmagyna görä, býurokratik päsgelçilikler. Ýagny innowasiýalar bilen meşgullanýan Türkmenistanyň hökümet edaralary uly tejribeli aksakgalyň haýyşyny kanagatlandyryp, onuň oýlap tapan usulyny häzire-bu güne çenli synagdan geçirmändir.

Azatlyk Radiosy bu mesele bilen bagly Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky “Ylmy tehnika baradaky Ýokary geňeşine” jaň edip, olaryň bu hakdaky pikirini sorady. Bu edara Türkmensuw ylym taslama institutyna ýüz tutmagy maslahat berdi. Emma agzalýan institutda ýaşulynyň usulyny synagdan geçirmegiň mümkin däldigini aýdýarlar.

Tehnologiýanyň ähmiýeti

Häzir Türkmenistanda geçirilýän maslahatlarda, dürli çärelerde iň täze tehnologiýanyň, açyşlaryň möhümdigi gaýta-gaýta nygtalýar. Mysal üçin, daşky gurşawy goramak meselesine bagyşlanyp 6-njy iýunda geçirilen maslahata gatnaşanlar tebigaty goramak işinde dünýä ylmynyň iň döwrebap gazananlaryny ulanmak arkaly ylmy-barlag işleriniň güýçlendirilmeginiň zerurdygyny biragyzdan bellediler diýip, türkmen metbugaty tassyklaýar.

10-njy iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň maslahatynda prezident Berdimuhamedow ýene bir gezek Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda tehnologiýa degişli ylmy açyşlary durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda hereket edilmese, ne hökümetiň, ne-de jemgyýetiň öňe gidip biljekdigini belledi.

ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň ösmegine bu ýurtda hut täze tehnologiýalary gysga wagtda durmuşa geçirmäge ukyply kärhanalaryň köpdügi öz öňyn täsirini ýetirýär. Soňky 10-20 ýyllykda Hytaýyň ykdysadyýeti hem ösüp, dünýade iň güýçli ykdysadyýetleriň birine öwrüldi.

Elbetde, muňa Hytaý häkimiýetleriniň bazar ykdysadyýetine geçmekde alyp barýan çeýe syýasaty, bu ýurduň ilat sany ägirt köp bolansoň, senagatyň işçi güýji bilen doly üpjünçiligi gowy täsir edýär. Ýöne, bilermenleriň aýtmagyna görä, bu meselede Hytaýyň halk hojalygynda täze tehnologiýalaryň tiz özleşdirilmegi hem az rol oýnanok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG