Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton Gündogar Ýewropa we Günorta Kawkaza aýlanýar


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton we Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç metbugat konferensiýasynda, Kiýew, 2-nji iýul.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton we Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç metbugat konferensiýasynda, Kiýew, 2-nji iýul.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klintonyň Gündogar Ýewropa we Günorta Kawkaza bäş günlük saparyndan maksat rus-amerikan gatnaşyklary barada bu ýurtlara arkaýynlyk berip, olary köşeşdirmek däl. Merkezi Ýewropa ýurtlary ýa Orsýetiň ýa-da Birleşen Ştatlaryň tarapdary bolmaly diýen zat ýok.

Döwlet sekretarynyň Ýewropa we Ýewraziýa işleri boýunça kömekçisi Filip Gordon muny şeýle düşündirdi: “Biz Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň arasyndaky gatnaşyk açyk bolup, birek-birege ynam artsa, mundan Orsýetiň goňşulary peýdalanar diýip, pikir edýäris. Muny olaryň käbiri bize aýtmadykdanam däl. Ýöne biziň Orsýet baradaky syýasatymyz birini aladalandyrýan bolsa, biz bu barada gürleşmäge taýýar. Polşada, Ukrainada, Gürjüstanda, Ermenistanda we Azerbaýjanda Orsýet meselesiniň agzaljakdygyna men şübhe edemok. Ine, bu biziň nähili pikirlenýändigimizi düşündirmäge pursat bolar”.

Gordon soň hem: “Dürli ýurtlara edilýän saparda maksatlar hem dürli bolýar. Ýöne umumy tema – demokratiýa” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Klintoniň 2-nji iýulda baryp düşjek ilkinji ýurdy Ukraina, ondan soň hem Polşa bolar. Ýöne saparyň diplomatik taýdan has çylşyrymly duralgasy – Azerbaýjan. 1992-nji ýylda Bakuwa sapar eden Jeýms Beýkerden bärde bu ýere baryp gaýdan Döwlet sekretary ýok.

Owganystana ýollanýan kömekleri bu ýurda ýetirmekde Azerbaýjanyň hyzmatdaşlyk etmegi Birleşen Ştatlar üçin gaty ähmiýetli. Ýöne Daglyk-Garabag barada Ermenistan bilen bolan konfliktiň çözgüdi üçin Bakuwa-da Waşingtonyň goldawy gerek.

Döwlet departmentiniň aýtmagyna görä, bu sapardan maksat – ýaraşyk prosesini ilerletmek hakda taraplaryň ikisi bilen hem pikir alyşmak. Ýöne pikir alşara başga meseleler hem ýok däl.

“Azerbaýjan bilen baglanyşykly çynlakaý meseleler, meniň pikirimçe, belli. Esasy meseleleriň biri energiýa. Daglyk-Garabagda Ermenistan bilen gatnaşyk hem bir möhüm mesele, şeýle hem regional howpsuzlyk. Gün tertibinde pikir alşylmaly mesele köp. Gürleşere zat kän. Sekretaryň ol ýere barýandygynyň hem sebäbi şol” diýip, Gordon aýtdy.

Ermenistanda hem Klinton prezident Serž Sarkisýan we Daşary işler ministri Eduard Nalbandýan bilen duşuşar. Döwlet departmenti Hanym Klintonyň adam hukuklary, demokratiýa we media erkinligi barada graždan jemgyýeti, adam hukuklary toparlarynyň ýolbaşçylary bilen hem gürleşjekdigni aýtdy.

Pikir alşyljak beýleki temalaryň biri – Türkiýe-Ermenistan gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak hakda alnyp barlan, soň hem togtan gepleşikler bolar. Bu Hanym Klinton üçin gaty möhüm. Sebäbi ol Sarkisýan bilen Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdoganyň gatnaşyklary kadalaşdyrmak baradaky protokola geçen ýylyň oktýabrynda Sýurihde gol çekişmegine ýol arçap, bu işde uly rol oýnapdy.

“Bu protokollar entek ratifisirlenenok. Bilşiňiz ýaly, prezident Sarkisýan öten baharda ratifisirleme prosesini togtadýandygyny, ýöne Türkiýe muny etse, Ermenistanyň hem bu işi etjekdigini aýtdy. Ine, bu Sekretara ermenileriň ýagdaýa nähili garaýandygy barada prezident Sarkisýan bilen gürleşmäge mümkinçilik bolar. Biz häzirem protokollaryň ratifisirlenip, ýerine ýetirilmegi Türkiýe bilen bolan serhetiň açylmagy hem Ermenistan hem-de Türkiýe üçin bähbitli bolar diýen pikirde” diýip, Gordon sözüniň üstüni ýetirdi.
XS
SM
MD
LG