Sepleriň elýeterliligi

Duşenbede täjik we türkmen diplomatlary duşuşdy


Penşenbe güni Täjigistanyň daşary işler ministri Hamrohon Zarifi Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçisi Nökerguly Atagulyýew bilen iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary hem häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdy.

Täjigistanyň daşary syýasat edarasynyň maglumatyna görä, duşuşyk türkmen tarapynyň haýyşy boýunça geçirilipdir.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk bazalaryny giňeltmek we ösdürmek, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine seredipdirler.

Bu ugurda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2010-2011-nji ýyllarda konsultasiýalar geçirmek göz öňünde tutulýar.

20-nji iýulda Kabulda geçirilmeli Owganystan baradaky Halkara konferensiýa barada-da mesele gozgalypdyr.
XS
SM
MD
LG