Anna güni Günorta Afrika respublikasynda geçirilýän dünýä boýunça futbol ýaryşynda çärýek final oýunlary başlandy.
Ilki bilen dünýäniň 5 gezek çempiony bolan Braziliýanyň we Gollandiýanyň milli komandalary duşuşdy.
Gollandiýanyň futbolçylary braziliýaly bäsdeşlerini 2:1 hasabynda ýeňip, ýarym finala çykan ilkinji komanda boldy.
Giçlik bolsa Urugwaý bilen Gananyň milli komandalary duşuşdy. Oýun üçin berlen wagt 1:1 hasabynda deňe-deň tamamlanandan soň, oýun 11 metrlik urgylar netijesinde 4:2 hasabynda Urugwaýyň peýdasyna tamamlandy.
Urugwaý 1970-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ýarym finala çykýar.
Şeýlelikde, ýarym finalda Urugwaýyň milli ýygyndysy Gollandiýanyň futbol topary bilen duşuşar.