Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton: “Ukraina üçin NATO-nyň gapysy açyk”


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Ukraina üçin NATO-nyň gapysy açyk bolmagynda galýar diýdi.

“Ukraina öz soýuzdaşlaryny we partnýorlaryny özbaşdak saýlamaga hukugy bolan garaşsyz döwlet. Şol bir wagtyň özünde NATO-nyň gapylary hem açyk bolmagynda galýar. Öz howpsuzlygyny üpjün etmek üçin haýsy ýoldan gitmek meselesi Ukrainanyň hut özüne degişlidir” diýip, Hillary Klinton aýtdy.

Mundan öň, penşenbe güni Ukrainanyň parlamenti ýurduň içerki hem daşary syýasatynda döwletiň bileleşikden daşarda durmak statusy baradaky kanuny kabul edipdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Gündogar Ýewropa hem Kawkaza edýän saparynda Ukraina onuň ilkinji baran döwleti boldy.

Klinton Polşa, Azerbaýjana, Ermenistana hem Gürjüstana sapar eder.
XS
SM
MD
LG