Sepleriň elýeterliligi

Moldowa prezidentiň saýlanyşy boýunça referendum geçirer


Prezidenti parlamentde saýlamalymy ýa-da umumymilli saýlawda diýen mesele boýunça Moldowa 5-nji sentýabrda referendum geçirýär.

Interfaks agentliginiň maglumatyna görä, anna güni ýurda eýelik ediji “Ýewropa integrasiýasy ugrunda” atly bileleşik bu karara gelipdir.

Mundan öň, geçen 2009-njy ýylda parlamentde prezidenti saýlamak synanyşygy netijesiz tamamlanypdy. 4 sany liberal-demokratik partiýa parlamenti dargatmak meselesinde bir pikire gelip bilmändi.

Indi häzirki parlamenti dargatmak meselesi referendumdan soň çözüler.
XS
SM
MD
LG