Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Habar serişdelerine päsgel bermezlige çagyryş edildi


Ýewropanyň habar berijiler geňeşi dünýä liderlerini adam hukuklaryna we erkin pikir ýöretmek hukugyna sarpa goýmaga çagyrdy.

Şeýle hem garaşsyz köpçülikleýin habar beriş serişdelerine päsgel bermezlige çagyryş edildi.

Bu barada guramalaryň baş assambleýasynyň Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda geçen maslahatynyň beýanatynda aýdylýar.

Dokumentde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň syýasy maksatlar bilen gorkuzylmaga ýol berilmeli däldir diýilýär.

Duşuşykda Azerbaýjandaky žurnalistlere we graždan aktiwistlerine garşy açylýan jenaýat işlerine alada bildirildi. Maslahata gatnaşyjylar ol bildirilýän aýyplamlary gümürtik diýip hasaplaýarlar.
XS
SM
MD
LG