Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýada ilkinji zenan prezident Gyrgyzystanyň ýolbaşçysy


Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň başlygy Roza Otunbaýewa resmi suratda ýurduň prezidenti hökmünde işe başlady. Onuň işe başlamak dabarasy şenbe güni irden Bişkek şäherinde boldy.

Dabarada Roza Otunbaýewa şeýle diýdi: “Gyrgyz respublikasynyň prezidenti wezipesine girişip, Kostitusiýany, kanunlary doly berjaý ederin. Gyrgyz döwletiniň garaşsyzlygyny gorap saklaryn. Gyrgyz respublikasynyň ähli ilatynyň azatlygy bilen hukuklaryny hormatlamak ugrunda göreşerin”.

Otunbaýewa prezidentlik hukugy täze Konstitusiýa güýje girenden soň berildi. Ol Konstitusiýany 27-nji iýunda geçen referendum tassyklapdy.

Resmi maglumata görä, ses bermäge gatnaşanlaryň 90%-den gowragy Konstitusiýa girizilen üýtgetmeleri goldady. Ol Konstitusiýa anna gününden güýje girdi.

Şeýlekide, Merkezi Aziýada ilkinji zenan prezident, 59 ýaşly Roza Otunbaýewa 2011-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli Gyrgyzystanyň prezidenti bolar.

Otunbaýewa oktýabr aýyna bellenen parlament saýlawlary geçip, täze hökümet saýlanýança, hökümetiň başlygy wezipesinde galýar.
XS
SM
MD
LG