Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

On güne çeken toý


Türkmen telewideniýesiniň mawy ekranlaryndan, 29-njy iýun.
Türkmen telewideniýesiniň mawy ekranlaryndan, 29-njy iýun.
Berdimuhamedowyň doglan gününiň ýurduň medeni hem syýasy durmuşynda uly waka öwrülendigini aýtmak gerek. Sebäbi Ministerler Kabinetiniň ýörite taýýarlan meýilnamasyna laýyklykda prezidentiň doglan güni ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň baýramçylgy bilen utgaşdyrylyp geçirildi.

Ol çäreler 20-nji iýundan 30-njy iýun aralygyny öz içine aldy. Baýramçylyk hem dürli döredijilik dabaralary paýtagtyň merkezindäki we ähli welaýatlardaky, etraplardaky seýilgählerde, medeni we bilim ojaklarynda geçirildi.

Şeýle hem prezidentiň doglan gününe gabatlanyp, dürli binalaryň – edaralaryň hem ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary boldy.

Öňki president S.Nyýazowyň doglan gününi baýram etmek ýüzugra beýle derejä ýetirilmändi. G.Berdimuhamedowyň prezidentliginiň eýýäm 3-nji ýylynda onuň doglan gününiň baýramçylygy on günläp dowam etdi.

Geçen ýyl onuň doglan gününe, ýagny 29-njy iýuna gabatlanyp, iýunyň soňky ýekşenbesini medeniýet we sungat işgärleriniň güni hökmünde bellemek karar edildi. Bu bolsa prezidentiň doglan gününiň baýramçylygyny dowamly geçirmäge şert döredýär.

Ruhyýet köşgünde başlandy

Iň uly baýramçylyk dabarasy ýurduň Ruhyýet köşgünde başlandy. “Baky ýaşa, halkyň gün kibi çoýup” atly ol konsetde ýurduň tanymal aýdymçylary Ata Ilamanow, Roza Töräýewa, Atageldi Garýagdyýew, Annagurban Annarejebow dagy ýaş kärdeşleri bilen “Ganat berdiň, döwrümizi gülletdiň” hem-de “Il ogluna – Arkadaga şöhrat” aýdymlary aýtdylar.

Ruhyýet köşgünde bolan uly baýramçylyk konsertine Russiýa Federasyýasyndan, Ukrainadan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Türkiýeden aýdymçylar topary gatnaşdy. Şeýlelikde baş konsert halkara derejesinde geçirildi.

Ýurduň Milli muzeýinde “Prezident, halkym saňa minnetdar” atly baýramçylyk sergisi hem-de konferensiýa guraldy. “Şol uly baýramçylyk çäreleri milletiň prezidente bolan öz çuňňur hormatyny, ägirt uly hoşallygyny we hakyky hormat-sarpasyny bildirmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir” diýlip, resmi habarda aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde bolsa halkara jemgyýetçiligi Gurbanguly Berdimuhamedowy dünýädäki iň ýaramaz diktatorlaryň onlugyna girizdi.

Hudaýberdi Hally Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG