Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylyň premýer-ministri göni gepleşiklere tarapdar


Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu palestinalylar bilen göni gepleşiklere başlamak barada ýene-de aýtdy.

Premýeriň sözlerine görä, bu tema geljek hepde Waşingtonda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen geçirjek gepleşikleriniň esasy temalarynyň biri bolar.

Palestin tarapy gepleşiklere başlamagyň şerti hökmünde palestin territoriýalaryndaky ýewreý ilatly nokatlarda ýaşaýyş jaý gurluşygynyň doly doňdurylmagyny talap edýär.
XS
SM
MD
LG