Sepleriň elýeterliligi

Amerikan hökümeti gün energiýasyny ösdürmekçi


Hususy kompaniýalaryň ikisiniň amala aşyrmakçy bolýan iki proýektini goldamak bilen amerikan hökümeti ýurtda gün energiýasynyň ösüşine ýardam etmekçi.

Şenbe güni eden çykyşynda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ykdysadyýeti höweslendirmek boýunça döwlet programmasynyň çäklerinde öz administrasiýasynyň bu iş boýunça iki milliard dollar goýberip biljekdigini aýtdy.

Şol iki kompaniýanyň biri Arizona ştatynda dünýäniň iň uly gün elektrik stansiýasyny guramakçy, ikinjisi ýuka plenkaly gün batareýalaryň önümçiligine maýa ýatyrmakçy.
XS
SM
MD
LG