Sepleriň elýeterliligi

Petreus halkara güýçleriň serkerdesi wezipesine resmi girişdi


Ýekşenbe güni amerikan generaly Deýwid Petreus Kabulda Owganystandaky 130 müň harbyly halkara güýçleriň serkerdesi wezipesine resmi girişdi.

Halkara güýçleriň ştab-kwartirasynda çykyş edip, Petreus ekstremizme garşy göreşde harby hem graždan gurluşlaryň güýçlerini birleşdirmegiň zerurdygyny nygtady hem “Biz ýeňmek üçin şu ýerde” diýdi.

Ol şeýle-de: “Biz kyn göreşe gatnaşýarys. Birnäçe ýyllyk uruşdan soň iň aýgytly pursat gelip ýetdi. Biz “Al-Kaýydanyň” hem onuň bilen bagly ekstremistleriň öňküleri ýaly Owganystanda ornaşyp bilmejekdigini owgan halkyna, tutuş dünýä görkemeli. Halkara goşun kontingentiniň güýçlenmegi, Owganystanda biziň hyzmatdaşlarymyzyň sanynyň artmagy bilen bizde maksatlarymyzy amala aşyrmaga täze mümkinçilikler döredi” diýip, general Petreus aýtdy.

General Deýwid Petreus general Stanley MakKristalyň ornuna geldi. MakKristal ABŞ-nyň birnäçe ýokary derejeli resmisiniň adresine tankydy pikirleri žurnala beren interwýusynda aýdandygy üçin wezipesinden boşadylypdy.
XS
SM
MD
LG