Sepleriň elýeterliligi

Roza Otunbaýewa ilkinji daşary ýurt saparyna başlady


Resmi taýdan Gyrgyzystanyň prezidenti wezipesine geçen Roza Otunbaýewa ýekşenbe güni ilkinji daşary ýurt saparyna başlady.

Otunbaýewa Gazagystanyň paýtagty Astana geldi. Ol bu ýerde Ýewraziýa ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň sammitine gatnaşar.

Saparyň dowamynda sammite gatnaşyjylaryň ikitaraplaýyn gepleşikleri-de planlaşdyryldy.

Roza Otunbaýewa 27-nji iýunda Gyrgyzystanda geçirilen referendumyň gidişinde 2011-nji ýylyň ahyryna çenli ygtyýarlyk şerti bilen geçiş döwrüniň prezidentligine saýlandy.
XS
SM
MD
LG