Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

4-nji iýul Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň garaşsyzlyk günüdir


4-nji iýul ABŞ-nyň garaşsyzlyk günüdir. Şu ýyl amerikanlar garaşsyzlygynyň 234-nji ýyllygyny belleýär.

Hanym Silwiýa Rid Kurran
ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Silwiýa Rid Kurran şu sene mynasybetli eden çykyşynda: “Her ýyl amerikanlar 4-nji iýulda milletiň dörän gününi, öz garaşsyzlyk gününi baýram edýär. Şol gün garaşsyzlyk Deklarasiýasy kabul edildi, Beýik Britaniýa patyşalygyndan garaşsyzlyk yglan edildi. Bu gün biz üçin milli gymmatlyklary aňladýan hem alamatlandyrýan gün. Şol gymmatlyklaryň köpüsi Garaşsyzlyk Deklarasiýasynda öz ornuny tapdy. Graždanlaryň ýaşaýşa, azatlyga, bagta ýykgyn etmäge, halkyň halk üçin döreden döwletini döretmäge we ösdürmäge bolan aýrylmaz hukuklary ýuridik taýdan berkidildi” diýendigini türkmen metbugaty ýazýar.
XS
SM
MD
LG