Sepleriň elýeterliligi

Iýun aýynyň 21-nden 22-sine geçilýän gijede Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde, şeýle hem paýtagtyň eteklerinde güýçli harasat turdy. Harasadyň netijesinde şäheriň köp ýerlerinde çyralar öçüp, jaýlaryň üçekleri gopdy. Agaçlar döwüldi.

Üçegi gopan jaýlaryň köpüsi sowet döwründe salnan jaýlar. Ol döwürde jaýlaryň üçegi ilki «eşek arka» diýen tipde agaçlar goýlup, şol agaçlaryň üsti hem şifer bilen örtülýärdi. Harasatda gopan üçekleri remont etmek üçin hem ýene şol «eşek arkany» düzetmeli, bu iş üçin bolsa ummasyz agaç gerek.

Şäher häkimlikleriniň işgärleri agaç satýan hususy firmalaryň üstüne aýlanyp, harasatda gopan üçekleri düzetmek üçin agaç kömegini etmegi tabşyryp çykdylar. Hatda gopan üçekler üçin agaç satýan firmalaryň agaç kömegini etmek baradaky buýrugyň häkimiňki däl-de, prezidentiňkidigini-de nygtadylar.

Aslynda welin, hökümete degişli bolup duran jaýlaryň islendik remonty hökümetiň özüne degişlidir. Halka jaýy bermek-bermezlik, halkyň jaýyny ýykmak-ýykmazlyk, jaýlary ilata satmak-satmazlyk meselesini häkimiýetler hiç kime geňeşmezden, özleri çözýärler. Ýöne jaýy remont etmeli bolanda, agaç meselesi ýüze çyksa-da, reňk meselesi ýüze çyksa-da, aýna-gapy meselesi ýüze çyksa-da şahsy firmalara ýapyşýarlar.

Dogrusyny aýtsaň, gurluşyk materiallarynyň meselesi Türkmenistanda örän kyn. Aýratyn-da, agaç tapmak kyn.

Kagyz önümçiliginde hem-de odunlyk üçin ulanylýandygyny agzamanymyzda-da tokaýyň adamzat ýaşaýşy üçin eşretdigine tokaýsyz ýurtda ýaşaýanlar has gowy düşünýärler. Tokaý agaçlary aýratyn-da ýaşaýyş jaýlaryny gurmakda eşretdir. Tokaýyň eşretdigine Türkmenistanyň ýaşaýjylary-da düşünýärler.

Geçmişe ser salsak...

Asyrlaryň dowamyndaky irginsiz uruşlar sebäpli göç-hä-göçlükler, netijesinde türkmenler ir döwürlerde ýewropalylar ýaly şäher gurup oturan halk däl. Kerpiç jaýlarda ýaşan halk hem däl. Orta Aziýada medeniýetiň ösen şäherleri bolan gadymy Ürgenç, Hywa, Buhara ýaly şäherleriň gadymdan galan ýadygärlikleriniň daşyna-içine çalnan syrçalary owadan bolsa-da, onuň durkunyň palçykdan salnandygy görnüp dur. Seljuklar dinastiýasynyň iň soňky patyşasy Soltan Sanjaryň Baýramalydaky köşgünden, galasyndan galan ýadygärligiň harabaçylygy hem patyşa köşkleriniň-de palçykdan salnandygyny gürrüň berýär. Olaryň üsti ýagyş-ýagmyr aňsat syrygyp gider ýaly, gümmez görnüşinde ýapylypdyr.

Halkyň hem ýaşan jaýlary esasan palçykdan bolupdyr. Türkmenlerde, gazaklarda, gyrgyzlarda gamyşdan öý gurmak ýörgünli bolupdyr. Dokalan gamyşdan gurlup, üsti hem töweregi keçe bilen ýapylan öýlere türkmenler «gara öý» diýipdirler. Gara öýleriň gowusy derek, söwüt ýaly daragtlaryň agaçlaryny ulanmak bilenem ýasalypdyr. Gamyşdan kepbe (kibitka) ýasap, daşyny saman suwag bilen suwap ýaşanlaram bolupdyr. Uruş döwürlerinde çöle gaçan adamlar ýerden ýer küme gazyp, onuň üstüni çöl odunlary bilen ýapyp gün görüpdirler.

Garaz, geçmişde topraklary mydama uruşbazlaryň atlarynyň toýnaklarynyň astynda basgylanan türkmenlerde owadan öý gurmak bagty bolmandyr. Palçykdan salnan jaýlaryň üstüne pürs ýerine söwütdir derek agaçlaryny goýup, häzirki döwürde «gara patalok» diýilýäniň ýerine (pürsüň üstünden ýapylýan örtgi) gamyş dokalyp goýlupdyr. Gamşyň üstünden samanly palçyk bilen suwalypdyr. Usti saman palçyk bilen hernäçe suwalsa-da, gaty ýagynly ýyllarda beýle jaýlaryň üstünden ýagyş geçipdir.

Patyşa Russiýasy basyp alansoň hem türkmen halky öýden gönenmändi. Öý gurup, arkaýyn ýaşamak üçin ilkinji nobatda rahat ýaşaýyş gerek. Rahat ýaşaýyş türkmenleriň maňlaýyna asyrlarboýy ýazylmandyr. 1881-nji ýylda türkmenleriň Gökdepe galasy syndyrylyp, türkmen topragynda Patyşa Russiýasynyň hökümi ýöräp ugrandan soň, türkmenleriň üstüne häli-şindi guralýan Eýran çozuşlary, özbek çozuşlary bes edildi. Uly dinastiýanyň (Russiýanyň) eýelän ýerlerine goňşy döwletler çozuş etmekden çekindiler.

Topragyna uly dinastiýa hossarçylyk edýän-de bolsa, türkmenlere türkmen topragynda rahat ýaşamak ýene uzak miýesser etmedi. Bolşewikleriň amala aşyran oktýabr rewolýusiýasynyň netijesinde türkmen topragynda üznüksiz uruşlar, tut-ha-tutluklar, bas-ha-baslyklar, gaç-ha-gaçlyklar başlandy. 1918-nji ýylda başlanan graždanlyk urşunyň gopguny 1930-njy ýyllara baryp diredi. 1931-32-nji ýyllarda basmaçylyga (türkmen topragyndaky partizançylyk uruşlarynyň ) garşysyna göreş başlandy.

Bu üzlem-saplam uruşlaryň yzyndan 1936-37-38-nji ýyllardaky basha-baslyklar (repressiýalar) başlandy. Bu repressiýanyň yzy Ikinji jahan urşuna sapdy. Garaz, tä geçen asyryň ellinji-altmyşynjy ýyllaryna çenli türkmenlere ine-gana oturyp, jaý salmak, goş edinmek miýesser bolmady.

Ellinji-altmyşynjy ýyllarda palçyk jaý edinip bilen özüni bagtly saýýardy. Diňe müň dokuz ýüz ýetmişinji ýyllarda türkmen topragynda çig kerpiçden jaý salyp, üstüni şifer bilen ýapmak däp bolup ugrady. Beýle jaýlar hem ilki-ilkiler hemmelere aňsat düşmedi. Ony diňe barjamly maşgalalar salyp bilýärdi. Soňy bilen, urşuň ýetiren zyýanlarynyň yzynyň birneme dolmagynyň netijesinde halkyň ählisi şeýle jaýlara girmegi, segseninji, togsanynjy ýyllarda bolsa bişen kerpiçden jaý edinmegi başardy. Olara «täze tipli» jaýlar diýilýärdi.

Täze tipli jaýlaryň üsti ilki pürs bilen ýapylýardy. Pürsüň üstünden goýulýan «gara patalok» diýilýänem agaçdy. Pollar agaçdan edilýärdi. Sowet hökümetiniň gurlan territoriýalarynyň ähli ýerinde, şol sanda Türkmenistanda-da Orsýet tokaýlaryndan gelýän agaçlar leýs boldy. Agaçlar, şiferler hemmeler üçin elýeterlidi, arzandy. Sygyr jaýlar, goýun agyllary, meýdan düşelgelerine çenli bol agaçlar bilen gurulýardy. Ýurduň bir ýany tokaý bolsa, oňa ýetesi zat ýok eken.

Agajyň belli bahasy ýok

1991-nji ýylda ýurduň Orsýetden aýrylmagy bilen birlikde Türkmenistanda agaç bolçulugy-da ýitdi. Indi käbir agaç satmaga ygtyýarly adamlar tarapyndan Özbegistandan Orsýet agaçlary hususy maşynlarda getirilip satylýar. Jaýyň üstüne goýuljak togalak pürse-hä ýetip bolanok, ýekeje ýuka agajyň bahasy ummasyz pul.

Agajy hususy satýanlardan alanyňda boýy ýedi metr, ini üç metr bolan ýekeje otagly jaýy salmak üçin diňe agaja sarp edilmeli pul 7700 dollara barabar bolýar. Ýüz-iki ýüz dollarlyk aýlyk bilen ýedi müň ýedi ýüz dollary nädip üýşürjek?! Beýle ýagdaýda jaý salmak, aňsat düşmeýär we indi türkmenler jaý salanda agajy ulanmaýarlar. Köp çagaly millet bolan türkmen öý guranda-da iň bolman, iki-üç otagy gurmaly bolýar. Agajyň daşyndan kerpiç, sement, şifer, çagyl almaly.

Bu zatlaryň baryny sanajak bolsaň, ýeke otagly jaýyň bahasy on-on bäş müň dollara barýar. Bu gymmat agaçlary barjamly adamlar ulanaýmasa, halk köpçüligi ondan ýüz öwürdi. Indi jaýlaryň üstüne demir armatur örülip, üstünden beton guýulýar. Şifer goýulmasa, beton suwagdan hem ýagyş geçýär. Köp adamlar armatura-da pul tapmasa, ýene gadymky jaý salyş ýoluna öwrülip, jaýlaryň üstüni gamyş bilen ýapyp, samanly palçyk çykarýarlar we soňra şifer bilen ýapýarlar. Poluň ýerine bolsa sement bilen palçygy garyp, suwap çykýarlar. Agaç pol bolmasa-da, bu garaz gum tozap ýatandan-a owadan bolýar. Poluň ýerine sementli palçyk düşäp çykmak düzgüniniň Türkmenistanyň garaşsyzlyk alan ilkinji ýyllarynda, Orsýet agaçlaryndan ara açylan ýyllarda ornaşanlygy üçin beýle—palçyk «pollara» ilat arasynda «Saparmyrat pol» diýip, at berýärler.

Häzir elita bolsa-da, sada bolsa-da hökümet tarapyndan gurulýan jaýlarda hem diňe sement, çagyl, armatur ulanylýar, agaç ulanylmaýar. Agajyň bol wagtynda bu zatlaryň ählisiniň ýerini agaç tutýardy. Ýurduň garaşsyzlygyndan öň gurlup halka berlen jaýlaryň ählisi (etaž jaýlarda-da) agaç polly hem pataloklydy.

Agajyň belli bahasy ýok. Ýöne onuň ýok ýurdunda agaçsyz ýaşamagy başaraýmaly. Ýogsa, başga çäre ýok. Tokaý hem hut tebigy gaz ýaly tebigatyň peşgeşi.

Orsýet bilen söwda gatnaşyklary barada gol hem çekişildi. Ýöne näme üçindir, şeýle-de bolsa, hökümet tarapyndan Orsýetden agaç getirilmeýär. Belki, agaçlar hususy adamlar tarapyndan däl-de, hökümet tarapyndan getirilse, onuň bahasynyň arzan bolmagam mümkin.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG